Bu ýaryşa 11 topar gatnaşdy. Oýunlar aýlaw usulynda iki tapgyrda geçirildi. Geçen ýylky çempionatda üçünji baýrakly orna mynasyp bolan Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň «Binagär» topary (tälimçi Hojanepes Koşçanow) ýaryşyň başlanan gününden başlap soňky duşuşygyna çenli öňdeligi hiç kime bermän, ýeňiji bolmagy başardy. Ýarym finalyň netijesi boýunça finalda «Binagär» we Goranmak ministrliginiň «Milli goşun» toparlary Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň sport toplumynda bäsleşdiler. Örän dartgynly ýagdaýda geçen oýun Türkmenistanyň birnäçe sapar çempiony bolan, tejribeli «Milli goşun» toparynyň peýdasyna (74:68) tamamlandy.

Baýrakly üçünji orun üçin Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň we Dragon Oil firmasynyň ýygyndy toparlary duşuşdylar. Duşuşyk 78:64 hasabynda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň peýdasyna tamamlandy.