Mýunhen şäheriniň “Bawariýa” futbol kluby Germaniýa kubogynyň finalynda Lewerkuzen şäheriniň “Baýer” toparyndan 4:2 hasabynda üstün çykdy. Bu iki futbol toparynyň duşuşygy Berlindäki Olimpiýa stadionynda koronowirus pandemiýasy sebäpli tomoşaçysyz geçirildi.

“Bawariýa” 20-nji gezek döwlet kubogynyň eýesi boldy. Ýeri gelende aýtsaň,  bu futbol toparynyň ömründe 4 gezek final ýeňlişine sezewar bolandygyny hem bellemek gerek.