Alexander Nübel
fc bayern münhen Alexander Nübel

«Bundesliganyň» iň güýçli wekilleriniň biri bolan Mýunheniň «Bawariýasy» ýaşy gaýdyşan derwezeçi Manuel Noýeriň oruntutaryny tapdy. Klub «Şalkeniň» derwewany” Aleksandr Nýubel bilen bäş ýyllyk şertnama baglaşdy. Öňümizdäki tomusdan başlap, Nýubel «Bawariýanyň» derwezesini gorar.

Aleksandr Nýubel häzirki wagtda «Şalke» klubynyň esasy derwezewany. Ol şu möwsümde 15 duşuşykda toparynyň derwezesini goraýar. «Şalke» möwsümde öňdebaryjylaryň hatarynda çykyş edýär.