Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň Soýuzynyň prezidenti Aleksandr Çeferin egerde ýurdunda milli çempionaty oýnap tamamlamasalar, Belgiýanyň klublarynyň indiki möwsümde ýewrokuboklaryň oýnundan çykarylmagynyň mümkindigini aýtdy. Bu barada ZDF-e salgylanmak bilen, Газета.Ru habar berýär.

«Men Belgiýa çempionaty düýpleýin saklamaly däldi diýip pikir edýärin. UEFA içki turnirleriň tamamlanmagyny isleýär. Belki, tomaşaçylarsyz oýnamaly bolar. Ýöne oýnamazlykdan, hiç kimi stadiona goýbermän oýnanyň ýagşy» diýip Çeferin aýtdy.

Koronawirus zerarly Belorussiýadan başga Ýewropanyň ähli futbol turnirleriniň togtadylandygyny ýatladýarys.