9-njy iýulda Türkiýe futbol çempionatynyň 31-nji tapgyrynyň soňky gününde Beşiktaş Kasympaşany öz stadionynda kabul etdi. Gyzykly geçen oýunda ýer eýeleri garşydaşlaryny 3:2 hasabynda ýeňdi. Beşiktaş üçin pökgileri Taýler Boýd (6), Kewin Prins Boating (49) we Güwen Ýalçin (90) tora girizdi. Myhmanlar toparyndan Bengali Fode Koýta (21, 29) iki gezek pökgi geçirdi.

Ýeri gelende aýtsaň, Beşiktaş bu ýeňiş netijesinde dördünji orna çykmaklyk bilen, Ýewropa kubaklaryna gatnaşmak hukugyny gazanmaga gaty ýakynlady.

Günüň beýleki oýnunda Rizaspor öz öýünde Kaýserispory 3:2 hasabynda ýeňdi. Konýaspor bolsa Gazyantepden 3:1 hasabynda utuldy.

Türkiýe futbol çempionatynda häzirki wagtda Başakşehir 66 utuk (oçko) bilen ýaryş tablisasynda öňde barýar. Trabzonspor 62 utuk bilen ikinji ýerde durýar. Siwasspor 54 utuk bilen üçünji, Beşiktaş bolsa 53 utuk bilen dördünji orunda barýar. Soňraky ýerlerde 52 utuk bilen Galatasaraý, 51 utuk bilen Alanýaspor, 50 utuk bilen Fenerbahçe we beýleki toparlar bar.