(«Türkmensporty.com» web saýtynda 06.07.2020-nji ýyl senesinde goýlan «Beýik Ynsanyň sport dünýäsi – geljek nesliň saglyk binýady» atly makalanyň dowamy)

1930-njy ýylda Aşgabat oblastynyň Kirow raýonynyň «Gyzyl çarwa»  kolhozyndaky 6-njy doly däl mekdebiň direktory wezipesine bellenen, 26 ýaşly Berdimuhamet Annaýew öz işini täze mekdep gurmakdan başlapdyr. Sebäbi, onuň işe bellenen mekdebi Tejen derýasynyň aýak ujunda, Garagumuň eteginde ýerleşip, depesinden gum dökülip duran kepbe jaýlardan biri eken. Hut şonuň üçinem, ýaş direktor oba ilatynam giňden çekip beýleki oba mekdeplerine nusgalyk täze bir mekdebi bişen kerpiçden[1] saldyrypdyr. Milli Liderimiziň «Döwlet guşy» romanynda-da beýan etmegine görä[2], bu mekdebiň sport, bedenterbiýe meýdançasy bolup, meýdançada futbol oýnamak üçin derweze, şeýle hem turnik bada-bat göze ilýär. Diýmek, ilhalar mugallym Berdimuhamet Annaýewiñ bişen kerpiçden saldyrdan täze mekdebi öz döwrüniñ Türkmenistanda ýerleşýän ähli mekdeplerinden daşky we içki görnüşi boýunça-da, enjamlaşdyrylyşy boýunça-da düýpli tapawutlanyp-dyr. Çünki, bu mekdebiñ  içki sport zaly we daşyndaky sport meýdançasy, onda ýerleşdirilen sport enjamlary şol döwürde ýurdumyzda hereket edýän beýleki ähli mekdepleriň hiç birinde bolmandyr. Muňa hormatly Prezidentimiziň: «Älem içre at gezer»  romanyndaky:  «Direktor haýyş edip, ýalbaryp diýen ýaly, Tejenden bu ýere rus dili mugallymyny – Galina Iwanowna Droninany hem getirip bilipdi. Droninanyň adam-sy Tejen demir ýol stansiýasynda ýolbaşçy işde bolansoň, onuň mümkinçiliklerinden peýdalanmagy ýadyndan çykarmady. Sport meýdançasy nähili bolmaly, sportuň özi nämelerden ybarat? – ine, bu sowallara jogaby direktor rus dili mugallymy bilen bile gözledi. Iki-üç sany kitap tapyldy, şondaky sport enjamlarynyň çyzgylarynyň esasynda demir ýol stansiýasynyň ussahanalarynda ençeme esbaplar ýasaldy. Olaryň birentegi açyk meýdandaky sport meýdançasynda oturdyldy, birnäçesi bolsa boş otaglaryň birinde oturdylyp, mekdep sport zally boldy. Kynlyk bilen tapylyp getirilen dört sany pökgi bilen birlikde “woleýbol, futbol” diýen sözler çagalaryň dilinde gaýtalanyp başlandy.»[3] – diýen beýan etmelerini okan mahalymyz anyk-aýdyň göz ýetirýäris. Diýmek, Berdimuhamet Annaýew öz mekdebinde okuwçylarynyň sport bilen meşgullanyp, sagdyn nesil bolup ýetişmekleri üçin ähli şertleri we mümkinçilikleri döredipdir. Olara sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmekde özüniň nusga alarlyk şahsy göreldesini görkezipdir. Ol kakasy Anna aganyň «Akyl sandygynda» miras goýup giden ýazgylaryndaky «Saglygyna seretmeýän adam iki tarapyndan ýakylan şem ýalydyr»[4] diýen parasatly taglymyndan ugur alyp, türkmen sährasynda ösýän ösümlikleriň dermanlyk häsiýetleri barada öz obadaşlarynyň, okuwçylarynyň arasynda wagyz-nesihat edipdir[5]. Ýaş direktor her bir adamyň sport bilen yzygider meşgullanmaklyk, dermanlyk ot-çöplerinden peýdalanmaklyk arkaly öz saglygyny berkidip, sagdyn jemgyýeti kemala getirmekligi, bu halk ähmiýetli işi amal etmekligiň bolsa her bir ynsanyň özüne baglydygyny häli şindi dile getirmeklik bilen: «Hemme zat öz elimizdedir.»[6], «Ýaşamak üçin göreşmek gerek.»[7] diýen pähim-paýhasa ýugrulan ajaýyp taglymlaryny okuwçylarynyň we oba jemagatynyň aňyna guýup durupdyr. Şonuň üçin hem, bu ajaýyp Ynsanyň durmuş ýoly tutuş türkmen halkyna nusgalyk mekdepdir. Çünki, ol sport bilen dermanlyk ösümlikleri sagdyn ýaşaýşyň gözbaşy hasaplapdyr[8].

(dowamy bar)

Toýly Jänädow

Mary welaýatynyň Mary etrabynyň

Ruhubelent geňeşliginiň ýaşaýşy                                                                     

 

  • [1] Gurbanguly Berdimuhamedow. Döwlet guşy. A.:, TDNG. 2013. 182-nji sahypa
  • [2] Gurbanguly Berdimuhamedow. Döwlet guşy. A.:, TDNG. 2013. 13-nji sahypa
  • [3] Gurbanguly Berdimuhamedow. Älem içre at gezer. A.:, TDNG. 2011. 143 – 144-nji sahypalar.
  • [4] Gurbanguly Berdimuhamedow. Älem içre at gezer. A.:, TDNG. 2011. 105-nji sahypa
  • [5] Gurbanguly Berdimuhamedow. Älem içre at gezer. A.:, TDNG. 2011. 110-111-nji sahypa.
  • [6] Gurbanguly Berdimuhamedow. Älem içre at gezer. A.:, TDNG. 2011. 168-nji sahypa.
  • [7] Gurbanguly Berdimuhamedow. Älem içre at gezer. A.:, TDNG. 2011. 170-nji sahypa.
  • [8] Toýly Jänädow. Nusgalyk mekdebi. “Nebit-gaz” gazetiniň 2017-nji 14-nji fewralyndaky sany. 5-nji sahypa