Ata Watanymyz Türkmenistanda ýaş nesliň berk bedenli, giň dünýägaraýyşly, çuňňur bilimli, sagdyn ruhly bolup ýetişmeklerini nazara alyp, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek bilen bir hatarda «bedenterbiýe dersi» we «Sport» ýaly düşünjeleri türkmen halkynyň aňyna ilkinji ornaşdyran örän ajaýyp ynsan – hormatly Prezidentimiziň  mähriban atasy Berdimuhamet Annaýewdir. Çünki, bu ajaýyp Ynsan öz ýaşan döwründe öz ýolbaşçylyk edýän mekdebinde bütin Türkmenistanyň orta mekdepleriniň arasyndan ilkinji bolup  «bedenterbiýe dersi» sapagyny okatmagy gurnap, ýola goýan diýseň beýik şahsyýetdir. Bu babatda milli Liderimiz özüniň «Älem içre at gezer» romanynda öz mähriban atasynyň mekdep direktory bolup işän döwri barada söz açanynda: «Galina Iwanownanyň getiren kitaplaryndan türgenleşik işleriniň nähili geçirilýändigini ýuwaş-ýuwaşdan öwrenen ýaş direktor ol maşklary ilki özi edip başlady. Ertir ir bilen meýdançada ylgap ýören, esli beýikligi bolan uzyn nawyň üstünden ýykylman ýöreýän, ýogyn agaçdan ýasalan «eşegiň»  üstünden ellerine daýanyp bökýän, turnikden arasyny üzmän aslyşyp, telim ýola özüni çekýän Berdimuhamedi görenler başda onuň bolup ýörşüni geňlediler. Oňa ilde ýok iş edýän ýaly garadylar. Soňra irdenki türgenleşiklere beýleki mugallymlar, oba sowetiniň işgärleri, okuwçylar goşulyşyp gidensoňlar, bu bir adaty zat ýaly bolup galdy. Her anna güni geçirilýän futbol, woleýbol oýunlaryna tomaşa etmäge bolsa eli boş adamlaryň, okuwçylaryň bary gelerdi.»[1] – diýip  beýan eden setirleri hem doly tassyklaýar. Bu ajaýyp romanda nygtalşy ýaly, ýaş direktoryň her günki ýerine ýetirýän maşklaryny, türgenleşik işlerini oba ilatynyň geň görüp, oňa ilde ýok iş edýän ýaly garamagynyň özi hem, Gahryman Arkadagymyzyň mähriban atasy Berdimuhamet Annaýewiň  «bedenterbiýe dersi»  we «Sport» ýaly düşünjeleri türkmen halkynyň aňyna ilkinji bolup ornaşdyran ajaýyp ynsandygyny mese-mälim aýan edýär. Ýöne, elbetde  häzirki zaman sport oýunlarynyň meşhur görnüşleri bolan göreş, küşt, atçapyşyk türkmen halkynyň gadymyýetden gözbaş alyp gaýdýan milli oýunlarydyr. Bu milli oýunlar aslyýetinde döredilende häzirki zaman sport oýunlary maksadynda döredilip, milletbaşymyz Oguz han atamyzyň döwründen XV-XVI asyrlara çenli dowam eden Atabeglik mekdeplerinde türkmen ýigitlerini beden taýdan sagdyn, hakyky gerçek kämil şahsyýetler edip ýetişdirmeklikde peýdalanylypdyr.  Emma, göreş, küşt, atçapyşyk ýaly türkmen halk oýunlaryna XV-XVI asyrlardan başlap XX asyryň birinji çärýegine çenli sport oýunlary hökmünde garalman, eýsem toý-tomaşanyň şowhunyny artdyrmaga niýetlenen milli däp hökmünde garalypdyr. Ine, şunuň özi hem Berdimuhamet Annaýewiň mekdep direktory bolup işlän döwrüne ýagny 1930-njy ýyla çenli «bedenterbiýe dersi», «sport»  ýaly düşünjeleriň bolmandygyny görkezýär. Çünki, 1930-njy ýylda biziň ýurdumyzda ählumumy hökmany başlangyç okuw girizilipdir[2]/[3].

 

(dowamy bar)

                                                                                                 Toýly Jänädow

                                                                         Mary welaýatynyň Mary etrabynyň

Ruhubelent geňeşliginiň ýaşaýşy   

  • [1] Gurbanguly Berdimuhamedow. Älem içre at gezer. A.:, TDNG. 2011. 145-nji sahypa.
  • [2] Türkmenistanyň taryhy. Orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň taryhdan başga hünärleri üçin synag okuw kitaby. Çapa taýýarlan S.Jumaýew. TDNG. Aşgabat – 2011. 304-nji sahypa.
  • [3] Toýly Jänädow. Nusgalyk mekdebi. “Nebit-gaz” gazetiniň 2017-nji 14-nji fewralyndaky sany. 5-nji sahypa