Aýagym guragyrylydy. Güne gyzan çägede aýakýalaňaç duraýsam, ol derdimiň ýeňlemegine esli kömek edýärdi. Keseliň endamyma berýän ejirinden basym saplanasym geldi. Göwnüme geňeşip kellämde bir pikiri aýlap, ony öz ýanymdan oňladym. Çölde çopançylyk edýän goňşym bardy. Ine, onsoň tomsuň ilkiräk günleriniň birinde ol öýlerine gelende onuň ýanyna bardym. Oňa ejir çekýän derdimiň bardygyny aýdyp, soňam:
— Goňşy jan, hem saňa, hem maňa peýdaly bolar ýaly «Geläýse saňa sala salaryn» diýip, göwnümde besläp ýören bir pikirim bardy — diýdim. Ol bilesigelijilik bilen:
— Aýt, göreli, o nähili pikir? — diýdi.
— Aýtsam keselimden saplanmagym üçin, bir aýlap muzdsuz men seniň çopançylygyňy etjek. Şo döwürde, eger rugsat etseň öz janyma dözüp, aýakgapsyz, ýagny, goýnuňy aýakýalaň bakyp berjek.
Goňşym bu maslahatymy ikelläp goldady. Ine, şeýlelikde bir aýlap goňşymyň goýunlarynyň yzyna düşdüm. Dogry, ilki günlerde güne gyzan çägede aýaklaryma birneme gyzgynlyk ýiti täsir edensoň, uzak saklanyp bilmän ol otdan beýleki otuň üstüne, ýa-da çägelikden takyrrak ýere bökejeklemeli boldum. Bäş-üç günden gyzan çäge bilenem ýagşyja öwrenişdim. Ine, şeýdibem, bir aýlap goýnuň yzynda gezip, keselimden, çekýän ejirimden elin saplandym.