Daşoguz welaýatynyň zolaklaýyn ýaryşynda birinji ligada çykyş edýän toparlaryň arasynda Türkmenistanyň birinjiliginiň dördünji tapgyrynyň duşuşyklary geçirildi. Bu tapgyrda «Almaz» toparyndan 2:0 hasabynda üstün çykan «Turan» toplan 12 utugy bilen ýaryş tertibinde birinji basgançagy eýeleýär. 9 utugy bolan «Dostluk» ikinji orunda ornaşdy. Daşoguz welaýatyna wekilçilik edýän toparlaryň sekizisiniň baş baýrak ugrunda bäsleşýändiklerini ýatladýarys. Balkan welaýatynyň zolaklaýyn ýaryşynda dördünji tapgyrdan soň 3 oýunda 9 utuk toplan «Galkynyş» topary ýaryş tertibinde birinji basgançagy eýeleýär.

Dört oýunda 8 utugy bolan «Türkmennebit» topary ikinji orunda barýar. «Gumdag», «Arkaç» hem-de «Balkan-1» toparlary 7 utukdan topladylar. Balkan welaýatynda toparlaryň 8-si baş baýrak ugrunda bäsleşýärler. Ahal welaýatynda birinji aýlawyň jemi jemlendi. Onuň netijesinde 13 utuk toplan «Bäherden» topary ýokarky orny eýeleýär. Ikinji, üçünji orunlarda «Tejen» (10 utuk) hem-de «Ak bugdaý» (9 utuk) toparlary ornaşdylar. Ýeri gelende bellesek, birinji liganyň duşuşyklary welaýatlarymyzyň hemmesinde geçirilip, her zolagyň ýeňijisi jemleýji ýaryşda bäsleşmäge mümkinçilik alar