Birleşen Milletler Guramasy Küşt
Birleşen Milletler Guramasy küşt bayramy

12-nji dekabrda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň, Ermenistanyň, Belarusyň, Gazagystanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň bilelikdäki teklibi bilen 20-nji iýuly Bütindünä küşt güni diýip yglan etdi.

«Turkmenportalyň» ýazyşy ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen täze rezolýusiýanyň awtordaşlary küşt oýnunyň bütin dünýäniň meşhurlygyny nygtap, onuň at-abraýyny ýene-de artdyrmagyň tarapdary.

Küşt sporty Türkmenistanda hem yzygiderli ösdürilýär. Aşgabatda gurlan küşt-şaşka mekdebi ýurt derejesindäki ýaryşlaryň esasy geçirilýän merkezleriniň birine öwrüldi. Türkmen küştçüleri birnäçe gezek dünýäniň, Aziýanyň çempionlary bolmagy başardylar. Türkmenistanyň awtordaş bolan täze Rezolýusiýasy bütin dünýäde küştüň ösdürilmegine aýgytly goşant goşar.

Mundan ozal Birleşen Milletler Guramasy Türkmenistanyň başlangyjy bilen 3-nji iýunyň Bütindünýä welosiped güni diýlip yglan edilmegi hakyndaky Karary hem kabul edipdi. 20-nji iýul mundan beýläk bütin dünýäde, şol sanda Türkmenistanda küştüň baýramy hökmünde belleniler.