Çehýa Brno MotoGP-de Rookie Binder, “RED BULL KTM” bilen garaşylmadyk ilkinji ýeňşini aldy!

Ýaryşyň başlamagy bilen Franko Morbidelli öňdeligi eýeledi we birinji bölüme ýolbaşçylyk etmegi başardy. Çempionatyň lideri we ilkinji iki ýaryşyň ýeňijisi Fabio Kwartararo bu bölümdäki kärdeşi bilen aýakdaş bolup bilmedi we italýan sürüjisi bu boşlugy ýuwaş-ýuwaşdan giňeldip başlady.

Şu ýyl KTM bilen MotoGP-de bäsleşip başlan Bred Binder, Quartararo-dan, gowy hüjüm bilen geçip, Morbidelliniň yzyna düşdi. Binderiň tizligi has gowydy we “Petronas SRT” sürüjüsini kynçylyksyz geçdi. Ondan soň boşlugy ýuwaş-ýuwaşdan giňeltmegi başardy we seriýadaky üçünji ýaryşda ýeňiş gazandy. Bu, şeýle hem, 2017-nji ýylda Moto GP goşulan seriýadaky KTM-iň ilkinji ýeňşi boldy.

Morbidelli Binder-den soň boşlugyň giňelmeginiň öňüni alyp bilmedi, ýöne  baýdagy ikinji ýerde gördi we MotoGP karýerasyndaky ilkinji münberine çykdy. Annohan Zarko ýaryşy iň öňden başlady we ähli aladalaryna garamazdan öň bölümde galdy. Şeýle-de bolsa, Pol Espargaro bilen bolan awariýadan soň ispan sürüjisi Espargaro ýaryşdan çykdy. Soňra Zarko “uzak sürüş” hökümi berildi. Muny çyzandygyna garamazdan, Zarco üçünji orny eýeledi we Avintia Ducati-ni MotoGP-de ilkinji münberine getirdi.

Suzukiden Aleks Rins ýaryşyň ýyldyzlaryndan biri, egnindäki şikeslere garamazdan uly ýaryşa gatnaşan Rins soňky bölümde Zarkony geçip bilmedi, we dördünji orunda galdy. “Yamaha” toparynyň sürüjisi Walentino Rossi ýene-de ýuwaşlyk bilen oňat ösüş gazanyp, bäşinji orny eýeledi. Ilkinji iki ýaryşyň ýeňijisi Kwartararo regressiýadan gaça durmady we ýedinji, Migel Oliveýra bolsa altynjy orny eýeledi. “LCR Honda”-dan Takaaki Nakagami iň oňat “Honda” sürüjisi hökmünde sekizinji ýeri eýeledi. Jek Miller diňe “Pramac Ducati” bilen dokuzynjy bolup biler, Aleix Espargaro bolsa 10-njy boldy.

“Ducati” toparynyň sürüjisi Andrea Dovizioso topardaşy Danilo Petruççiden 11-nji ýeri eýeledi. Kal Krutchlow 13-nji, Mawerik Winales 14-nji, “Honda” sürüjisi Aleks Markes 15-nji ýeri eýeledi.

Ýaryşda Joan Mir we Iker Lekona bolsa bir-birleri bilen çaknyşyp, ýaryşy dowam etdirip bilmediler.

Seyitmuhommet Jumadurdyýew