Daşkendiň “Bunýotkor” topary soňky basgyçdaky ýeňlişi sebäpli (Al-aýyn 0:1) azia çempionlar ligasynyň toparçalaýyn basgyjyna çykyp bilmedi.

Selim Nurmyradow
Selim Nurmyradow

Biz üçin gyzykly zat, ildeşimiz Selim Nurmyradowyň mundan soňky ýagdaýydyr. Çünki “Bunýotkoryň” tälimçisi Wadim Abramow öz çykyşynda “Eger toparçalaýyn basgyja çykyp bilmesek ligonerlere jogap bereris” diýipdi.

Indi Daşkentliler bilen täzelikde bir ýyllyk şertnama baglaşan Selim Nurmyradowyň ýagdaýy nähili bolar, bu hakda klup heniz bir resmi habar aýdanok.