Türkmenistanyň 19 ýaşa çenli gyzlardan düzülen futzal ýygyndysy Täjigistanyň paýtagty Duşenbe şäherinde CAFA tarapyndan geçirilýän sebit ýaryşynda ikinji ýeňşini gazandy.
Täjigistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýtynyň habar berşi ýaly, türkmenistanly gyzlar Gyrgyzystanyň ýygyndysyny 2:1 hasabynda ýeňdiler. Biziň ýaşlar ýygyndymyzyň gollaryny Läle Haýypowa bilen Jeren Mämmedowa geçirdi.
Ildeşlerimiz dört tapgyrdan soňra 6 utuk topladylar. Olaryň sebit ýaryşyndaky ahyrky garşydaşy Owganystanyň ýygyndysy bolar. Eger ildeşlerimiz owgan gyzlaryny hem ýeňseler, bürünç medala mümkinçiligi bar.