Eldar 2002-nji ýylda, Arsen 2003-nji ýylda Balkanabat şäherinde dünýä inýärler. Doganlaryň ikisi hem häzirki wagtda Balkan welaýatynyň merkezi şäherindäki 12-nji orta mekdepde okap, bilim alýarlar. Eldar 2011-nji ýylda Balkan welaýat sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň 1-nji sport mekdebinde gylyçlaşmak görnüşi boýunça Tatýana Täjimowa tarapyndan tälimçilik edilýän gurnakda türgenleşik geçip başlaýar. Bir ýyldan soňra inisi Arsen hem onuň göreldesine eýerýär. Bu maşgaladan häzirki wagtda 7-nji synpda okaýan Muslimiň hem şol gurnakda şol halypadan tälim alýanlygyny aýdyp goýan ýagşy. Eldardyr Arsen Muslimowlar ilki gylyçlaşmagyň, esasan, rapira görnüşi bilen meşgullanyp, soňra şpaga görnüşine köp üns berip ugraýarlar.  Eldar Muslimow 2019-njy ýylyň ilkinji aýynda Balkanabat şäherinde geçirilen Türkmenistanyň birinjiliginde özüniň ýurt derejesindäki ýaryşlardaky ilkinji medalyny gazanýar. Ol ýaş oglanlaryň arasynda rapira boýunça üçünji orna mynasyp bolup, bürünç medaly boýnuna dakynýar. Şol ýaryşda ýetginjek oglanlaryň  arasynda şpaga boýunça hem üçünji netijäni görkezmegiň hötdesinden gelýär. Şu ýylyň ýanwarynda Mary şäherinde geçirilen ýaşlaryň we ýetginjekleriň arasyndaky Türkmenistanyň birinjiligi Eldar üçin örän şowly bolýar. Balkanabatly türgen ýetginjek oglanlaryň arasynda şpaga boýunça altyn medaly boýnuna dakynyp, ilkinji gezek ýurdumyzyň çempiony bolmagy başarýar.

Arsen Muslimow ilki Balkanabat şäheriniň birinjiliklerinde we açyk birinjiliklerinde dürli baýrakly orunlary eýeleýär. Ýaryşlarda görkezýän netijeleri hem onuň ýurdumyz boýunça guralýan bäsleşiklere gatnaşmagyna ýol açýar. 2018-nji ýylyň fewral aýynda paýtagtymyz Aşgabatda guralan Türkmenistanyň birinjiliginde ýetginjekleriň arasynda gylyçlaşmagyň şpaga görnüşinde üçünji orny eýelemegi onuň ýurt derejelerindäki ýaryşlarda ýeten ilkinji üstünligi bolýar. Geçen ýylyň ýanwarynda Balkanabat şäherinde geçen Diýarymyzyň birinjiliginde ýaşlaryň arasynda şpaga görnüşinde ýene-de bürünç medala eýe bolan Arsen Muslimow şol ýaryşda ýaş  oglanlaryň arasynda rapiradan ikinji orny eýelemegiň hötdesinden gelýär. Şu ýylyň ýanwarynda Mary şäherinde geçen ýurdumyzyň birinjiligi Eldar hem-de Arsen Muslimowlaryň sport ýollarynda örän ýatda galyjy ýaryş bolýar. Şpaga görnüşinde ýetginjekleriň arasyndaky bäsleşikde Arsen örän çekeleşikli geçen ýarym finalda balkanabatly türgenden – Merkezi Aziýanyň çempiony Döwletnazar Jumanazarowdan  15:14 hasabynda üstün çykýar. Eldar bolsa ýarym finalda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Arslan Soltanmämmedowy ýeňip, finalda iki dogan birek-birege garşydaş bolýar. Gyzykly bolan aýgytlaýjy duşuşykda 11-nji synpda okaýan Eldar 10-njy synpyň okuwçysy Arseni 15:12 hasabynda ýeňmegi başarýar. Arsen Muslimow agasyna garşy duşuşykda ýeňilse-de, Maryda geçirilen ýurdumyzyň birinjiliginde öz esasy maksadyna ýetmegiň hötdesinden gelýär. Ol ýetginjekleriň arasyndaky ýaryşda gylyçlaşmagyň rapira görnüşinde finalda Arslan Soltanmämmedowy 15:13 hasabynda ýeňip, özüniň ýurt derejesindäki ýaryşlardaky ilkinji çempionlygyny gazanýar. Arsen bu birinjilikde kadetleriň, ýagny ýaşlaryň arasynda rapira  görnüşiniň finalynda aşgabatly Yhlas Gazakowy uly tapawut bilen – 15:4 hasabynda ýeňip, ikinji çempionlygyna, ýaşlaryň arasynda şpaga görnüşiniň finalynda balkanabatly Stanislaw Ataýewi 15:14 hasabynda ýeňip, üçünji çempionlygyna ýetmegi başarýar. Şu ýylyň mart aýynda Aşgabatda geçen Türkmenistanyň çempionatynda ulularyň arasynda rapirada hem, şpagada hem üçünji orunlary eýelän Arsen bilen onuň agasy Eldaryň gazanjak uly ýeňişleriniň entek öňdedigine olaryň halypasy Tatýana Tadjimowanyň doly ynamy bar[1].

[1] Türkmen sporty gazetiniň 2020-nii ýylyň 11-nji iýulyndaky sanynyň 4-nji sahypasy