Ýewropa futbol assosiýasiýalarynyň Soýuzy (UEFA) çempionlaryň Ligasynyň hem-de Ýewropa Ligasynyň oýunlaryny iýulda ýa-da awgustda täzeden başlamagy meýilleşdirýär. Bu barada ZDF nemes telekanalynyň habarçysy Markus Harma salgylanmak bilen, Lenta.ru habar berýär.

Çeşmäniň habar bermegine görä, UEFA  Ýewropa kubogynyň oýunlaryny milli toparlaryň duşuşyklary bilen bir wagtda geçirmegiň meselesine seredýär.

Koronawirusyň ýaýramagy sebäpli UEFA çempionlaryň Ligasynyň we Ýewropa Ligasynyň oýunlaryny wagtlaýynda saklady, Ýewropanyň çempionatyny bolsa indiki ýyla geçirdi. Dünýäniň futbol turnirleriniň köpüsini geçirilmegi wagtlaýynça bes etdiler. Olaryň haçan başlanjakdygy entek näbelli.