«Ýuwentusyň» goragçysy Matteýs De Ligtiň şu ýylyň tomsunda turin klubyndan gitmegi mümkin. Bu barada АВС-e salgylanmak bilen, Рамблер habar berýär.

Çeşmäniň habar bermegine görä, futbolçy eýýäm özüniň agentine beýleki topara geçmek isleýändigini aýdypdyr. 20 ýaşly oýunçynyň wekili  türgeni häzir merkezi goragçy gözläp ýören Madridiň «Realyna» ýerleşdirmegi meýilleşdirýär.

Futbolçy A Seriýasyna garanda,  Ispaniýanyň çempionatyna öwrenişmegiň oňa aňsat düşjekdigini boýun aldy.

De Ligt «Ýuwentusda» 2019-njy ýylda oýnap başlady. Ol bu ýere «Aýaksdan» 85,5 ýewro geçdi. Ýöne turinliler üçin oýnan 27 oýnunda bary-ýogy 2 gol urdy.