Lebap welaýatynyň zolaklaýyn ýaryşynda «Demirýolçy» topary ýaryş tertibinde birinji basgançagy eýeleýär. Bäşinji tapgyrda «Köpetdagdan» 4:2 hasabynda üstün çykan «Demirýolçy» dört oýunda 12 utuk toplamagy başardy. Ýaryş tertibinde ikinji, üçünji orunlary 10 hem-de 9 utuk toplan «Derýaçy» bilen «Çärjew» toparlary eýeleýärler. Garşydaşlarynyň derwezesinden netijeli urgularyň 5-sini geçiren «Farap» toparynyň oýunçysy Zakir Romanow iň köp top geçiren oýunçylaryň arasynda öňdeligi eýeleýär[1].

[1] Türkmen sport gazetiniň 2020-nji ýylyň 11-nji iýulyndaky sanynyň 4-nji sahypasy