Italiýanyñ “Seria A” ligasynyñ 20-njy tapgyrynda, «Ýuwentusyñ» hüjümçisi​ Kriştian Ronaldo «Parma» (2:1) garşy duşuşykda​ iki gezek tapawutlandy.

Şeýlelikde, 34 ýaşly hüjümçi Ýewropanyň öňdebaryjy TOP-5 ligasynyň duşuşyklaryndaky gollarynyň sanyny 432-ä çykardy we Lionel Messi bilen deňleşdi.

Emma iki ýyldyzyň bu deňligi uzak dowam etmedi. Şondan bary-ýogy 26 minut soňra Lionel Messi “Granadanyň” derwezesine pökgi geçirip, TOP-5-likdäki gollarynyň sanyny 433-e çykardy. Şeýlelikde, argentinaly hüjümçi ýene-de sanawyň kerwenbaşysy boldy.

Ronaldunyň “Ýuwentusdan” başga-da Ispaniýanyň “Real”, Angliýanyň “Mançester Ýunaýted” ýaly toparlarynda hem futbol oýnandygy ýadyňyzdadyr. Lionel Messi bolsa bu 433 pökginiň ählisini “Barselonanyň” düzüminde geçirdi.