Maradona 1960-njy ýylyň 30-njy oktýabrynda. Argentinanyň paýtagty Buenos Aýresiň bir garyp şäherçesinde dünýä inen Diego Armando Maradona, bir kiçijik şäherde önüp-ösen we 14 ýaşyndaka Argentinos Juniors bilen ilkinji professional oýnununa çykan Maradona ilkinji oýnundan 25 gün soň ilkinji goluny urdy. Bu oglan, Argentinos Juniors-da bäş ýyl ýaşandan soň, 166 oýunda 116 pökgi geçirenden soň çagalyk arzuwyny alýar . 20 ýaşynda “Boca Juniors” -a transfer bolan, Maradona ilkinji oýnunda filmlerdäki ýaly hekaýa bilen 2 pökgi geçirip, möwsümi 40 oýunda 28 gol bilen tamamlaýar. Ilkinji möwsüminde La Bombonerada çempionlygyny dadyp gördi.

1982-nji ýylda “Boca Juniors” -da köp sanly milli üstünlikleri yzda galdyrdy, we Kataloniýanyň Barselona toparyna rekord töleg (8 million yewro) bilen gitdi. Maradonanyň daşary ýurtdaky ilkinji başdan geçirmesi garaşylşy ýaly däl. Barselonada ilki gepatit bolýar, soňrada Copa del Rey oýnunda Atletik Bilbaolu Andoni Goikoetxea tarapyndan şikeslenýär. Gowulaşmalardan soň Kataloniýanyň başdan geçirmeleri gutarýar. Barselonada 53 pökgi geçirýär.

Dünýädäki iň oňat futbolçy, ýyldyz ýa-da ulaldylan zehin, bu gezek bolsa ugruny Italiýa öwürýär. Dünýäniň iň gymmat futbolçysy diýen ada eýe bolan Italiýanyň iň garyp şäherleriniň birine: Napola geçdi. Munuň bilen birlikde, diňe futbol däl, sport taryhy hem üýtgeýär.

“Napoli” formasy bilen 2 çempion bolan Maradona , 1986-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň ýyldyzydy. Argentina dünýä çempionatynda ýeňiji bolan bolsa, çärýek finalda Maradonanyň Angliýa torlaryna eli bilen iberen pökgüsi köp ýyllap ara alnyp maslahatlaşyldy. Uly seslenme alan Maradona, topa degen elini “Hudaýyň eli” diýip kesgitlemekden çekinmedi. 1990-njy ýyldaky dünýä çempionatynda toparyny finala çykaran Maradona jerime urgusy bilen Germaniýa tabyn boldy. Belki, bu Maradonanyň ösýän karýerasynyň tersine öwrülen pursadydyr.

1991-nji ýylda Italiýa ligasynda geçirilen oýundan soň adaty doping gözegçiliginde kokain ulanana meňzeýän Maradona, Argentina gaýdyp baranda neşe serişdesi barlygy sebäpli tussag edildi. Tutulan günlerinden soň öýüniň öňünde garaşýan metbugat işgärlerine hüjüm eden Maradona. Bu wakadan soň Maradonany “gutardy” diýip pikir edenler ýalňyşdylar. 1993-nji ýylda bu gezek Ispaniýanyň Sewilýa toparyna gaýdyp gelen Maradona. 1994-nji ýyldaky dünýä çempionaty üçin henizem hyjuwlydy. 1994-nji ýyldaky dünyä çempionaty (Amerika) Maradona üçin garaşylmadyk ýagdaýda gysga boldy. Gadagan edilen zatlary ulanýandygy anyklanan Maradona, çempionlyk gadagan edildi we 15 aý azatlykdan mahrum edildi. “Deportivo Mandiyu” we “Racing Club” -da 15 aý işlän Maradona, höküm gutarandan soň, 1995-nji ýylda öýüne çagyran Boca Juniors-a gaýdyp geldi. 2 möwsüm Bokada oýnan Maradona, 37 ýaşynda karýerasyny ýitiren kokain endiginden dynyp bilmän, işjeň futboldan aýryldy.

Futboly taşlandan soň saglyk ýagdaýy bilen baglanyşykly Maradona, neşe sebäpli ýürek agyrysyndan soň, Kubada 22 aýlyk bejergi aldy. Bejergiden soň ýol heläkçiligine uçran Maradona dyzyndan  operasiýa boldy. Şeýle dartgynly durmuşa garamazdan, Maradona 2000-nji ýylda FIFA tarapyndan Pele bilen bilelikde asyryň futbolçysy saýlandy.

 

Seýitmuhommet Jumadurdyýew