Diego Simeone:

“Her ýyl möwsümiñ ahyrynda iñ gowy futbolçylarmyz ýokary toparyñ gözüne düşýär. Bu adaty zat, klublar elmydama iñ gowy oýunçylary gözleýärler we bizde olar köp. Oblak dykkatlary özüne çekýär, ýöne Atletiko üçin çykyş etmegini dowam etdirer diýip umyt etýärin, sebäbi ol toparymyzyñ möhüm bölegi.”

Angliýadaky we Ispaniýadaky gazet habarlary Sloweniýaly halkara oýunçyny “Çelsi”  bilen baglanyşdyrdy we Kepa Arrizabalaga bilen çalyşmak şertnamasynyň bir bölegi bolup biljekdigi aýdylýar.

2019/20 möwsüminde Oblak, Atletiko üçin 46 oýun oýnady we 35 pökgi geçirtdi.

Transfermarkt.com portaly 27 ýaşly Slowenýaly oýunçynyñ bahasy 80 million ýewrodygyny çaklaýar.