Başa-baş göreş boýunça 30 ýaşly türkmen pälwany Döwletjan Ýagşymyradow 14-nji dekabrda Sankt-Peterburgyň «Sibur Arena» sport toplumynda bolan tutluşykda russiýaly Alekseý Butorini ýeňip, çempionlyk guşagyny gorady. Bu tutluşyk ACA 103 ýaryşynyň çäginde geçirildi ― diýip, «Turkmenportal» habar berýär.

Ýarym agyr türgenleriň arasynda, 93 kilograma çenli agram derejesinde bolup geçen tutluşyk bäş döwden ybarat boldy. Eminleriň gelen karary bilen ACA-nyň ozalky çempiony, türkmenistanly pälwan Döwletjan Ýagşymyradow ýeňiji diýlip yglan edildi.

Şeýlelikde, biziň ildeşimiz iri halkara tutluşyklaryndaky 18-nji ýeňşini gazandy. 33 ýaşly Alekseý Butorin bolsa bassyr üç tutluşykdaky ýeňişden soňra asgyn geldi. Bu utulyş onuň iri halkara tutluşyklardaky dördünji utulyşydyr.

Ýeri gelende aýtsak, Döwletjan Ýagşymyradow ACA-da (Absolute Championship Akhmat) ýaryşýan we çempion bolan ilkinji türkmenistanly pälwandyr. Ildeşimiziň şu ýylyň 16-njy fewralynda Polşanyň Warşawa şäherinde geçirilen tutluşykda ýerli türgen Karol Selinskini wagtyndan ozal ýeňip, çempion bolandygyny hem ýatladýarys.