Fut­bol çem­pio­na­ty­myz­da çy­kyş ed­ýän topar­la­ryň tä­limçi­le­ri­ni di­ňe bir hünärmenler ta­na­man, eý­sem-de, fut­bol
jan­kö­ýer­le­ri hem go­wy bil­ýän­dir­ler. Tanamaz­çada däl. Ola­ryň ag­la­ba­sy­nyň tälim­çi­lik ýo­ly bir ýa-da iki ýyl do­wam
et­me­ýär. Şo­nuň üçi­nem, Ýo­ka­ry li­ga­nyň topar­la­ry­nyň haý­sy­na bol­sun, par­hy ýok, ýaş tä­lim­çi gel­di­gi hem­me­ler on­dan täzelige ga­raş­ýar. Bu ada­ty ýag­daý. Futbolyň tä­ze aky­ma sy­ryg­ma­gy üçin bu şeý­le-de bol­ma­ly. Dün­ýä tej­ribe­sin­den görnü­şi ýa­ly, bu ýag­daý ga­ra­şyl­ýan netijänide ber­ýär…

Ine, ýa­kyn­da paý­tag­ty­my­zyň «Aşgabadynyň» baş tä­lim­çi­si we­zi­pe­si­ne ýaş, ge­le­je­gi­ne umyt bil­di­ril­ýän hünär­men Döw­let­my­rat An­na­ýe­wiň bel­le­nil­me­gi hem bu to­pa­ryň oýnun­dan tä­ze­li­ge ga­raş­ma­ga umyt dö­red­ýär.

Ýa­dy­ma düş­ýär. 2018-nji ýyl­da Bi­rin­ji
li­ga­nyň to­par­la­ry­nyň ara­syn­da­ky bäs­le-
şi­giň soň­ky tap­gy­ry do­wam ed­ýär­di. Baş
baý­rak ug­run­da bäs­leş­ýän «Kö­pet­dag II»
bi­len «Ker­wen» to­par­la­ry­nyň ara­syn­da­ky
du­şu­şy­gyň soň­ky pur­sat­la­ry­dy. «Kö­pet­dag
II» to­pa­ry­nyň ýa­ry­şy bi­rin­ji orun­da ta­mam-
la­ma­gy­na deň­lik hem ýe­ter­lik­di. Ýö­ne du­şu-
şy­gyň do­wa­myn­da ta­pa­wut­la­nan «Ker­wen»
ýeň­şe has ýa­kyn gel­di. Du­şu­şy­gyň soň­ky
pur­sat­la­ryn­da Türk­me­nis­ta­nyň Içe­ri iş­ler
mi­nistr­li­gi­niň to­pa­ry­nyň tä­lim­çi­si D.An­na-
ýe­wiň wag­tyn­da oý­na gi­ri­zen üýt­geş­me­le­ri
ha­sa­byň deň­len­me­gi­ne ge­tir­di…

Ine, şu­nuň ýa­ly dart­gyn­ly pur­sat­lar­da oýnuň aky­my­ny dog­ry sel­je­ren ýaş tä­lim­çi­niň
çöz­gü­di şon­da to­pa­ry­na ne­ti­je-de be­rip­di.
D.An­na­ýew şol ge­zek fut­zal­dan uly fut­bo­la
tä­ze ge­çen­di­gi­ne ga­ra­maz­dan, ge­le­je­gi­ne
umyt bil­di­ril­ýän ýaş­lar bi­len bir­lik­de tej­ri­beli oýun­çy­la­ryň saz­la­şy­gy­ny ne­ti­jä öwür­me­gi
ba­şa­ryp­dy.

Söh­bet­deş bol­mak üçin du­şu­şa­ny­myz­da,
ýaş hü­när­me­niň ýo­ka­ry li­ga­nyň çä­gin­de geçi­ri­len du­şu­şyk­la­ryň bi­ri­niň oý­nu­na wideoşe­kil ar­ka­ly sel­jer­me ge­çir­ýän pursatlary­na gabat geldi.

… – Gör­ýäň­mi, der­we­ze­çi to­py des­si­ne
or­ta gö­nük­dir­ýär. Bu ýal­ňyş he­re­ket. Se­bä­bi
onuň meý­da­nyň or­ta gür­pü­ne ok­lan to­pu­na
gar­şy­da­şy­ňam ýe­tiş­mä­ge go­wy mümkinçili­gi bar. Onuň ter­si­ne, to­py biri-biri­ňe gys­ga­dang e­çi­re­niň has ýer­lik­li…

Umu­man, tä­lim­çi­niň gy­zy­şan mas­la­haty oýnuň gi­di­şin­den, tä tak­ti­ki sel­jer­me­le­re
çen­li do­wam et­di. Me­niň «Aş­ga­bat» toparynyň tä­lim­çi­si D.An­na­ýe­we be­ren ilkinji sowalym hem oýun babatynda boldy.

– Döw­let, il­ki bi­lenä tä­ze to­pa­ry­ňyzda üstün­lik ar­zuw ed­ýä­ris. «Aş­ga­bat»,
esa­san hem, ýaş­dyr tej­ri­be­li oýunçy­la­ryň jem­le­nen ýe­ri. To­pa­ra ge­len
gü­nü­ňiz­den il­ki haý­sy ugur­la­ra ün­si
güýç­len­dir­di­ňiz?

– Sag bo­luň! Il­ki bi­lenä, uly ynam bil­diren­le­ri üçin to­pa­ryň ýol­baş­çy­lar to­pa­ry­na
köp sag­bol­sun aýd­ýa­ryn. Nä­me di­ýe­ýin?
Ge­len gü­nüm­den tej­ri­be­li oýun­çy­lar­dyr
tä­lim­çi­ler dü­zü­mi bi­len aý­ry-aý­ry­lyk­da
gür­rüň­deş­lik­le­ri ge­çi­rip, to­pa­ryň ýag­da­ýy­na
iç­gin ara­laş­dym. Tej­ri­be­li oýun­çy­la­ra şol bir
wagt­da ma­ňa ýar­dam et­mek­le­ri­ni, ga­raz,
tä­lim­çi­lik ýo­lu­ny hem ýö­ret­me­gi tek­lip
et­dim. Ola­ryň ara­syn­da tej­ri­be­li Da­wid Sar-
ki­sow ýa­ly oýun­çy­la­ryň bar­dy­gy­nam bel­läp
geçeýin.

– Oýun­çy­la­ryň öňün­de goý­jak oýun
tak­ti­ka­ňyz ha­kyn­da nä­me­le­ri aý­dyp
bi­ler­si­ňiz?

– As­lyn­da-ha, bu ýö­ne­keý so­wal ýa­ly.
Ýö­ne oňa jo­gap ber­mek üçin bir­nä­çe so­walyň jo­ga­by­ny jem­le­me­li bol­ýar. Il­ki bi­lenä,
ola­ryň haý­sy­nyň nä­mä ukyp­ly­dy­gy­ny seljerme­li. To­par­da çep­be­keý­dir sag aýakla­ry «iş­jeň­le­ri­ni» anyk bil­me­li. Di­ňe şon­dan soň ta­la­by güýç­len­di­rip, ola­ra goýan tak­ti­ka­myzy dü­şün­dir­mä­ge çalyşmaklygy­.

– Ara­kes­me­den soň tür­gen­le­şik­le­ri
nä­hi­li ýo­la goý­du­ňyz?

– Bil­ýän­si­ňiz, hä­zirä çem­pio­na­ty­myz­da
ara­kes­me do­wam ed­ýär. Oýun­çy­lar bi­len
tan­şa­ny­myz­dan soň ola­ryň her­si­niň ukypla­ry­na gö­rä tür­gen­le­şik­le­ri ýo­la goý­duk.
Dynç­dan ge­len oýun­çy­larda bu­lar. Şi­kes
al­maz­lyk­la­ry üçin ýe­ňil tür­gen­le­şik­ler­den
baş­la­dyk. Sel­jer­me­le­rem üns­den dü­şü­remzok. Hä­zir ta­nyş­lyk do­wam ed­ýär diýsem has ýe­ri­ne dü­şer. Iki­len­ji hep­de­de iki wagtlaýyn tür­gen­le­şik­le­re baş­la­dyk. Irden tre­nažýor za­lyn­da maşk­la­ry ýe­ri­ne ýe­ti­re­miz­soň,
na­za­ry­ýet sa­pak­la­ry­dyr ýe­ňil gör­nüş­dä­ki
yl­ga­wda ün­sü­mi­zi jem­le­ýä­ris. Öý­le­den soň
bol­sa meý­dan­da tak­ti­ka iş­le­ri­ni ge­çi­rip, top
bi­len iş­le­ýä­ris. Bu tür­gen­le­şik­le­ri­miz go­laý
gün­ler­de haý­sy oýun­çy­nyň nä­mä ukyp­ly­dygyny görkezer.

– To­pa­ry­ňy­zyň öňün­de nä­hi­li mak­satlar goýul­dy?

– Şu ýer­de to­par bi­len 1,5 ýy­la ni­ýet­lenen şert­na­ma bag­la­şan­dy­gy­my aý­da­ýyn. Az
wagt­da ne­ti­je ga­za­nyp bo­la­nok. Bil­şi­ňiz ýaly, möw­sü­miň ýa­ry­sy yz­da gal­dy. Şo­nuň üçin hem, bu möw­süm in­di­ki möw­sü­miň öz­boluş­ly taý­ýar­ly­gy bo­lar diý­sem hakykatdan daş düş­me­rin. Şu möw­süm topa­ry­my­zyň
oýun­dan-oý­na kä­mil­leş­me­gi­ni ga­zan­mak,
ga­raz, ýaş ze­hin­li oýun­çy­la­ry in­di­ki möw-
sü­me taý­ýar­la­mak esa­sy we­zi­pä­miz bo­lup
dur­ýar. Şu gün­ler­den ýur­du­my­zyň dür­li
kün­jün­den ýyg­na­nan ýaş oýun­çy­la­ry özün­de
jem­le­ýän «Olimp» or­ta sport mek­de­bi bi­len
iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gy ýo­la goý­duk.
Bu ýag­daý bi­ze ge­le­je­ge umyt bi­len ga­ra­maga müm­kin­çi­lik be­rer. Ola­ry il­ki ýaş­lar dü­zümi­mi­ze go­şup, wag­ty ge­len­de esa­sy dü­zü­me
ge­çir­me­gi me­ýil­leş­dir­ýä­ris.

– Diý­mek, bu ýyl ge­çiş döw­ri bolsa, on­da gel­jek ýyl­dan öň­de­ba­ry­jy
toparlarymyz «Altyn Asyr», Ahal»,
«Şa­ga­dam»… bi­len deň­leş­mä­ge çalşarsyňyz-da?

– Bol­man­da, ola­ryň oý­nu­na go­laý­la­şyp
bil­sek zäh­me­ti­mi­ziň ýe­ri­ne düş­dü­gi bolardy. Öň­de­ba­ry­jy to­par­la­ry­myz­da mil­li ýygyndymy­zyň dü­zü­min­de çy­kyş ed­ýän tejri­be­li oýun­çy­lar örän köp. Umu­man, netijä di­ňe öz
saz­la­şyk­ly oý­nu­my­zy gör­ke­zip ýet­me­li.

– Döw­let, tä­lim­çi­ler dü­zü­mi­ňi­zi bel­li
et­di­ňiz­mi?

– Bu ugur­da iş­le­ri ge­çi­rip ýö­rün. Kö­mek­çi
tä­lim­çi­le­ri to­pa­ryň özün­den saý­la­mak­çy
bol­ýa­ryn. Hä­zir­ki wagt­da esa­sy kömekçimiň we­zi­pe­si­ni Ra­hat Bal­ta­ýew ýeri­ne ýe­tir­ýär.

– Il­kin­ji tej­ri­bä­ňi­z «Kö­pet­dag II» to­pary bolup­dy. Biş­ke­giň «Dor­do­ýyn­da»
Alek­sandr Kres­ti­ni­niň ýol­baş­çy­lygyn­da te­jribe ge­çe­ni­ňi­zi hem bil­ýä­ris. Mun­dan başga-da, şu ýy­lyň bi­rin­ji ýa­ry­myn­da Ýo­ka­ry li­ga­nyň «Kö­petda­gyn­da» tej­ri­bä­ňiz do­wam edip­di.Umu­man, oýun tak­ti­ka­sy ba­ba­tynda haý­sy tä­lim­çi­niň pi­ki­ri si­ze has ýa­kyn?

– Il­ki bi­len-ä, ün­sü­ňi­zi «Man­çes­ter
Si­ti­niň» baş tä­lim­çi­si Ho­sep Gwar­diola­nyň «Belentlige galmak», Gol­lan­di­ýanyň fut­bol hü­när­men­le­ri­niň taý­ýar­lan
«Gol­lan­di­ýa­nyň fut­bol mek­de­bi»
ki­tap­la­ry­na çe­ke­sim gel­ýär. Olar me­niň
ýa­şyl meý­dan­da­ky et­sem-goý­sam­lary­myň esa­sy mas­la­hat­çy­sy. Mun­dan
baş­ga-da, «Dor­doý­da» tej­ri­be­li A.Kresti­nin­den fut­bol ha­kyn­da giň dü­şün­je
al­dym. Ga­ly­ber­se-de, tä­lim­çi­le­ri­miz bi­len
el­my­da­ma mas­la­hat­la­şyp dur­ýa­ryn. Fut­bol
du­şu­şy­gy do­wam ed­ýär­kä tak­ti­ka­ny esa­sy
or­na çy­ka­ra­sym gel­ýär. Çün­ki fut­bo­lyň gurlu­şy şon­dan yba­rat. Hä­zir­ki za­man futbo­ly
akyl­ly oý­ny ta­lap ed­ýär. Di­ňe fi­zi­kaň bo­la­ny
bi­len ne­ti­je ga­za­nyp bo­la­nok. Tä­ze­çil işlejek
bol­sak, on­da hä­zir­ki wag­tyň ta­lap­la­ry bi­len
aýak­daş gop­ma­ly bol­ýar.

– As­lyn­da özü­ňiz fut­bo­la il­kin­ji ädi­miňi­zi uly fut­bol­dan baş­lap­my­dy­ňyz?

Ha­wa, dog­ry aýd­ýa­ňyz. Köp­ler­de bol­şy
ýa­ly 18 ýa­şym­da men­de uly fut­bo­ly­my ýa-da
fut­za­ly saý­la­ma­ly di­ýen pi­kir dö­räp­di. Bilmedim, ýö­ne şol wagt çalt pi­kir­len­me­li, takti­ki
taý­dan gö­ze­ge­lüw­li, gy­zyk­ly ha­sap­lan görnüşi­mi, fut­za­ly saý­lap­dym. Fut­zal toparlaryn­da
baş­lan kar­ýe­ram mil­li ýy­gyn­da çen­li ba­ryp
ýet­di. Ga­raz, 2013-nji ýyl­da tä­lim­çi­li­ge girişýän­çäm fut­zal kar­ýe­ram do­wam et­di.

– Si­ziň oýun ba­bat­da ruh­lan­dy­ry­jy­ňyz
haý­sy hü­när­men bi­len bag­ly?

– As­lyn­da-ha, tä­lim­çi­lik ýo­lu­my saýlamagyma, esa­san, iki hü­när­men se­bäp bol­dy.
Bi­rin­ji­si, hä­zir­ki wagt­da «Man­çes­ter Si­ti»
to­pa­ry­ny tür­gen­leş­dir­ýän is­pan hü­när­me­ni
Ho­sep Gwar­dio­la, ikin­ji­sem Zi­ne­din Zi­dan.
Giz­le­mä­ýin, gys­ga pas­lar me­ni im­rin­dir­ýän
tak­ti­ka usu­ly. Gwar­dio­la bu ug­ruň us­sady, Zi­da­nam «Re­al» bi­len hut şu tak­ti­kany ulanyp, Is­pa­ni­ýa­nyň «La Li­ga­sy­nyň»
soň­ky möw­sü­mi­ni ýe­ňiş bi­len ta­mam­la­dy.
Umu­man, tür­gen­leş­dir­ýän fut­bol­çy­la­ry­ma
du­şu­şy­gyň ag­la­ba bö­le­gin­de to­pa erk et­me­gi
ün­de­ýä­rin.

– Tür­gen­le­şik­le­ri­ňiz­de esa­sy nä­mä
üns ber­ýär­si­ňiz?

– Ýa­ňy hem bel­läp ge­çi­şim ýa­ly, bi­rek-
bi­re­ge to­py gys­ga ara­lyk­dan tiz ge­çir­me­giň
me­de­ni­ýe­ti­ne üns ber­ýä­ris. Fi­zi­ki taý­ýar­lygam ýa­dy­myz­dan çy­ka­ram­zok. Oýun wag­ty
azyn­dan oýun tak­ti­ka­sy­nyň iki­si­ni düz­mä­ge
ça­lyş­ýa­ryn. Oý­nuň aky­my­na gö­rä, ola­ry sazla­şyk­ly ulan­ma­ga ça­lyş­ýa­ryn.

– Diý­mek, uly fut­bol siz üçin tä­ze ça­gyryş bo­lup­dyr-da?

– Ha­ky­kat­dan hem, uly fut­bol düý­bün­den
baş­ga müm­kin­çi­lik­le­ri­mi aç­dy. Şu ýer­de bir
za­dy aý­dyp ge­çe­ýin. Uly fut­bol­da­ky tejribäm iş­le­mä­ge, öw­ren­mä­ge köp zadyň ba­dygyny gör­kez­ýär. Bir söz bi­len aý­da­nyň­da, kämilligiň çä­gi ýok.

– Be­ren gy­zyk­ly gür­rüň­le­ri­ňiz üçin sag
bo­luň! Haý­sy ug­ry saý­la­ny­ňyz­da hem
ýe­ňiş­ler ýar bol­sun!

– Sag bo­luň!