Duşuşygyň esasy söweşinde 77 kg-da Nigeriýaly Kamaru Usman, Amerikaly Maswidal garşysynda bäş rawundyň netijesinde, utuk sany bilen Kemerini goramagy başardy. Şeylelikde ýeňilmezligini 17-ä çykardy.

Gijäniň beýleki çempionlyk ýaryşynda, Amerikaly Maks Hollowaý UFC 245-de Awustralýaly Wolkanowska garşy ýitiren guşagyny yzyna almaga synanyşsada, duşuşygyň soňunda utyk tapawudy bilen yeňlişe sezewar boldy. Şeýlelikde Wolkanowski 66 kg-da kemerini goramagyny dowam etyär.

61-kgda Sejudadan alynan, boşdaky kemeriň eýesi, Brazilýaly Aldony soňky rawuntda, nakawt eden Russiýaly  P.Ýan boldy. Petr  kemeriň eýesi bolmak üçin, ýedi duşuşyk ýeňiş gazandy.

Esasy kartoçkadaky zenanlaryň duşuşygynda bolsa, ikinji gezek garşylaşan, Jessika Andrade-Roz Namajunas arasyndaky söweşde rawuntlaryň netijesinde utyk sany bilen Namajunas gazanmagy başardy, we hasaby deňledi. Soňky duşuşykda bolsa ilkinji rawuntda  Paýj Wanzanty, Manda Ribas uly üstünlik bilen nakawt etdi.

 

Seyitmuhommet Jumadurdyyev