Sportyň dzýu-do görnüşi boýunça düýn tamamlanan Lebap welaýatynyň açyk çempionaty üç günläp, ýagny 3-nji we 5-nji iýul aralygynda dowam edip, oňa 2003 – 2005-nji, 2006 – 2007-nji, 2008 – 2009-njy ýyllarda doglan oglan-gyzlar gatnaşdy.

Bu sport ýaryşyna Mary şäheriniň 7-nji sport mekdebiniň okuwçy türgenleri hem gatnaşyp, üstünlikli çykyş etdiler. Olardan 2002 – 2005-nji ýylda doglanlaryň arasynda 90 kg agramda Resul Öwezgeldiýew 3-nji orny eýeledi. Onuň tälimçisi Maksat Baýhanow. 2006 – 2007-nji ýyllarda doglanlaryň arasyndan Kemal Berdisähesow 38 kg agramda 3-nji orny, 2008 – 2009-njy ýyllar aralygynda doglanlardan Hudaýberdi Gurbannazarow 24 kg agramda 2-nji orny, Didar Begmyradow 38 kg agramda 1-njy orny eýelediler. Bu türgenleriň tälimçisi bolsa Maýa Meredowadyr.

Lebap welaýatynyň sportyň dzýu-do görnüşi boýunça açyk çempionaty Türkmenabat şäheriniň 4-nji sport mekdebinde geçirildi.

                                             

Kaýumberdi Annadurdyýew

Mary şäheriniň 7-nji sport mekdebiniň tälimçisi, milli derejeli emin.