Erkin göreş: Türkmenistanly türgen Kerim Hojakow 61 kilograma çenli agram derejesinde
dünýäniň iň güýçli erkin göreşçileriniň ilkinji onlugyna girmegi başardy. Bu
barada «Göreşiň birleşen dünýäsi» (United world wrestling) atly halkara gurama
tarpyndan yglan edilen sanawda görkezilýär.

Biziň ildeşimiz soňky halkara ýaryşlardaky üstünlikli çykyşy bilen utugyny 16-a
çykaryp, bu sanawyň sekizinji ornuna çenli beýgeldi. Onuň geçen aýda «Ýaşar
Dogu memorialy» atly halkara ýaryşda bürünç medal eýeländigini habar beripdik.

Ýeri gelende aýtsak, sanawyň başyny gruziýaly pälwan çekýär. Ikinji, üçünji
orunlary bolsa russiýaly we hindistanly türgenler paýlaşýar.
Häzir Kerim Olimpiýa oýunlaryna ýollanma gazanmaga hukuk berjek halkara
ýaryşlara taýýarlanýar.