2005—2006-njy ýyllarda doglan ýetginjekleriň arasynda erkin we grek-rim göreşleri boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi.

Mary şäheriniň 8-nji sport mekdebinde guralan tutluşyklara Aşgabat şäherinden we Türkmenistanyň ähli welaýatlaryndan ýaş pälwanlar gatnaşdylar. Erkin göreş boýunça çempion diýen ady almak ugrunda 29, grek-rim göreşi boýunça 22 türgen göreşdi.

Umumy netijeler boýunça erkin göreşde ýaş olimpiaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň topary birinji, Aşgabat şäheriniň topary ikinji, Balkan welaýatynyň topary üçünji orunlary eýelediler. Ýaş olimpiaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň pälwanlary grek-rim göreşinde hem garşydaşlaryny öňe geçirmediler we iň gowy netijeleri görkezdiler. Maryly pälwanlar ikinji, aşgabatly türgenler bolsa üçünji orunlar bilen ylalaşmaly boldular.