Wenesuelanyň Futbol Federasiýasynyň prezidenti Jesus Berardinelli aradan çykdy. Bu barada guramanyň resmi web sahypasy habar berýär.

62 ýaşly Berardinelli, paýtagtyň keselhanalarynyň birinde aradan çykdy. “Globoesporte” neşirniň habaryna görä, Berardinelliniň dünýä ýaýran koronawirus keselinden ölendigini aýtdy. Bu günorta Amerikada şol bir infeksiýadan ölen ikinji federasiýa prezidentidir.

Mundan öň Boliwiýa futbol federasiýasynyň başlygy Sezar Salinas hem şol sebäpden aradan çykdy. Jesus Berardinelli şu ýylda futbol federasiýa ýolbaşçylyk edip başlandygyny bellemelidiris. Bu wezipä merhum başlyk Laureno Gonzaleziň ornuna geçipdi.