Ferens Puskas (1927-nji ýylyň 2-nji apreli – 2006-njy ýylyň 17-nji noýabry), Wengriýaly futbolçy we tälimçi. Döwrüň iň oňat futbolçylaryndan biri hasaplanýar we gollaryna görä ähli döwürde iň ökde gol salan oýunçylaryň biri, milli karýerasynda Wengriýanyň milli ýygyndysy üçin 84 oýunda 83 gol, Nemzeti Bajnokság I we Ispaniýa ligasyndaky 533 oýunda 511 pökgi geçirdi.

Puskas Budapeştde Ferenc Purczeld ady bilen dünýä indi. Kispestiň goragçylaryndan biri bolan kakasy maşgalasynyň adyny Puskas diýip üýtgedende, on ýaşyndady. Puskas karýerasyna kakasynyň, tälimçisi bolan Kispest AC-de 12 ýaşyna çenli şertnama baglaşyp bilmeýändigi sebäpli, Ciklos Kowaç lakamy bilen başlady. Ilkinji ýoldaşlary çagalyk dosty József Bozsik bolup, soňra Altyn topardaky topardaşy bolar. Kispest üçin soňky resmi oýnuny 1943-nji ýylyň noýabr aýynda Naýýwarad bilen oýnady.

Wengriýa gaýdyp barmakdan ýüz öwürenden soň, Puskas ilki RCD Español toparynda resmi bolmaýan futbol oýnady. “AC Milan” we “Juventus” toparlarynyň ikisi-de şol bir wagtda şertnama baglaşmaga synanyşdy, ýöne FIFA-dan iki ýyl jerime alanda, Ýewropada iki ýyl oýnamagynyň öňi alyndy. Puskas jerimeden soň, şertnama baglaşjak uly topar tapyp bilmän, Italiýada oýnamaga synanyşdy. Italiýaly tälimçiler onuň ýaşy we agramy barada alada edýärdiler. Şeýle-de bolsa, 1958-nji ýylda, 31 ýaşynda, geň galdyryjy ýagdaýda Real Madride gol çekdi we adatdan daşary karýerasynda ikinji sahypa açyldy.

Puskas Real Madride gitmezden ozal Budapeşt Honwed FK we Wengriýa milli ýygyndysynda oýnady. 1950-nji ýyllarda altyn topar hökmünde tanalýan Wengriýanyň milli ýygyndysynyň kapitanydy. 1956-njy ýylda Sowet Soýuzynyň Wengriýa harby gatyşmagyndan soň ýurduna gaýdyp gelmedi. FIFA-nyň iki ýyllyk boýkot hökümi gutarandan soň, Ispaniýa gitdi we meşhur Real Madrid toparynyň hataryna goşuldy. Bu toparda şol wagtlar Alfredo Di Stefano, Fransisko Gento, Reýmond Kopa, Hektor Rial we Santamaria ýaly futbolçylar hem oýnaýardy.

Puskás çep aýagy bilen gaty zarba urup bilýän ökde hüjümçi bolypdyr; Wengriýa ligasynda dört möwsümde iň köp pökgi geçiren oýunçy boldy we 1948-nji Ýewropa ligalarynyň iň köp pökgi geçiren oýunçysy boldy. Ispaniýa Real Madridde oýnap ýörkä, iň köp pökgi geçirenlerde dört gezek “Piçiçi baýragyny” aldy. Real Madrid bilen oýnan Ýewropa Çempionlar klublarynyň kubogy, finalynda jemi ýedi pökgi geçirdi. 1960-njy ýylda Şotlandiýanyň Glazgow şäherinde geçirilen final duşuşygynda Real Madrid, nemesleriň Eintraht Frankfurt toparyny 7-3 hasabynda ýeňdi, oýunda dört pökgi geçirdi. 1964-nji ýylda 37 ýaşynda futboly taşlady.

Şol kiçijik semiz oglana-da serediň. Biz ony meýdançada ýok ederis.” 1953-nji ýylda Iňlis topary, Wengriýanyň milli ýygyndysynyň kapitany Ferens Puskasy kiçi görüp, ulumsyrap aýdan sözleridir.

1995-nji ýylda Halkara Futbol Taryhy we Statistika Federasiýasy IFFHS tarapyndan 20-nji asyryň iň gowy hüjümçi, oýunçysy hökmünde saýlandy.

Fifa tarapyndan onuň adyna gurnalan, FIFA Puskas baýrak gowşurylyş dabarasy henizem dowam edýär.

Seýitmuhommet Jumadurdyýew