Formula 1 dünýä çempiony Fernando Alonso 2 ýyldan soň Renault bilen Formula 1-e gaýdyp gelendigini we topar bilen 2 ýyllyk şertnama baglaşandygyny habar berdi.

2002-2006-dan 2008-2009-njy ýyllar aralygynda “Enstone” toparynda bäsleşen Alonso, 2005 we 2006-njy ýyllarda Fransuz topary bilen dünýä çempiýony bolmagy başarypdy.

“Renault toparynyň” beren beýanatynda Alonsonyň topar bilen gazanan üstünlikleri we Ispan pilotynyň iş tertibine bolan islegi we “DNK” ukyby ara alynyp maslahatlaşyldy. Toparyň ynamyna görä, Alonso çempiýonlygy gaýtadan dikeltmek islegleri üçin köp tagalla eder.

Renault” toparynyň başlygy Kiril Abiteboul öz beýanynda: “Fernando Alonsonyň toparymyza goşulmagy Renault toparynyň F1-e ykrarlydygyny we iň ýokary orny eýelemegi maksat edinýändigini görkezýär. Bu toparymyz we janköýerlerimiz bilen baglanyşygynyň berkligi ol biziň üçin esasy saýlaw boldy. Geçen üstünliklerimizden başga-da, bu karar iki tarap üçinem batyrgaý karar boldy. Tejribesi we tutanýerliligi, häzirki Formula 1-den topar hökmünde garaşýan zatlarymyzdan has gowy peýdalanmaga kömek eder. Şeýle hem, toparymyza ýaryşyň medeniýetini we kynçylyklaryny ýeňip geçmek buýsanjyny getirer”.

“Fernandonyň, Esteban bilen esasy wezipesi, Renault DP World F1 toparyny 2022 möwsümine mümkin boldugyça taýýarlamak”.

 

 

Seyitmuhommet

Jumadurdyyew