sambo
sambo

Sambo boýunça halkara federasiýasy täze ýylyň bosagasynda resmi saýtynda 2020-nji ýylda geçiriljek halkara ýaryşlaryň sanawyny ýerleşdirdi. Ýaryşlaryň arasynda Türkmenistanda geçiriljek sambo we söweş sambosy boýunça dünýä çempionaty hem bar. Çempionat 2020-nji ýylyň 6 ― 8-nji noýabry aralygynda Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesinde geçiriler.

Sanawda dürli derejedäki halkara ýaryşlaryň 25-e golaýy bar. Ýylyň ilkinji halkara ýaryşy20 ― 21-nji fewralda geçiriljek Belarusyň Prezidentiniň kubogy ugrundaky ýaryş bolar. 20 ― 22-nji mart aralygynda Moskwa şäherinde «A.A.Harlampiýewiň memorialy» atly sambo boýunça dünýä kubogy geçiriler.

Sanawda aprel aýy boýunça dört sany halkara ýaryş göz öňünde tutulýar. Olar ýaşlaryň arasyndaky Ýewropa çempionaty (10 ― 12-nji aprel, Panagýurişte, Bolgariýa), erkekleriň arasynda Baltika döwletleriniň kubogy (19-njy aprel, kaliningrad, Russiýa), Kenarýaka sambosy boýunça dünýä çempionaty (24 ― 26-njy aprel, Larnaka, Kipr) we «Ý.Potapowyň memorialy» atly halkara ýaryşdyr (25 ― 27-nji aprel, Wladiwostok, Russiýa).

22 ― 24-nji maý günlerinde Russiýanyň Ýekaterinburg şäherinde Ýewropa çempionaty, 30-njy maýda bolsa Pariž Gran-prisi göz öňünde tutulýar.

Halkara federasiýa iýun aýynda hem iki halkara ýaryşy meýilleşdirýär. Olaryň ilkinjisi 11 ― 13-nji iýunda Müsüriň paýtagty Kairde geçiriljek Afrika çempionaty, ikinjisi bolsa 19 ― 21-nji iýundaky Aziýa çempionatydyr. Biziň yklymymyz boýunça çempionat Indoneziýanyň Bali şäherinde geçiriler. 3 ― 5-nji iýul aralygynda göz öňünde tutulýan Panamerika döwletleriniň çempionatynyň geçiriljek ýeri heniz belli däl. «M.Burdikowyň memorialy» atly halkara ýaryş bolsa 5 ― 6-njy awgustda Russiýanyň Kstowo şäherinde geçiriler.

FIAS sambo boýunça Aşgabatda geçiriljek dünýä çempionaty

Sambo boýunça güýzdäki ýaryşlar Şotlandiýadanyň Prezidentiniň kubogy bilen başlar. Ýaryşyň anyk senesi heniz belli däl. 5 ― 6-njy sentýabrda Baýkalyň kubogy ugrunda (Irkutsk, Russiýa),12 ― 13-nji sentýabrda «A.Çoheliniň memorialy» atly (Tbilisi, Gruziýa) halkara ýaryşlar geçiriler.

Oktýabr aýynda göz öňünde tutulýan üç halkara ýaryşyň ilkinjisi

  • 2 ― 3-nji oktýabrda Kazanda (Russiýa) geçiriljek Tatarystanyň Prezidentiniň kubogy ugrundaky halkara ýaryşdyr.
  • 9 ― 11-nji oktýabr günlerinde bolsa serbiýanyň Nowi-Sad şäherinde ýaşlaryň arasyndaky dünýä birinjiligi geçiriler.
  • Niderlandlaryň Gaaga şäherinde boljak ussatlaryň arasyndaky dünýä çempionatyna 24 ― 25-nji oktýabrdan orun berildi.

Şol ýaryşdan soňra gezek türkmen paýtagtyna geler. Ýokarda hem ýazyşymyz ýaly, Türkmenistanyň taryhynda ilkinji gezek geçiriljek dünýä çempionatynyň seneleri hökmünde 6 ― 8-nji noýabr günleri bellenildi. Şol üç günüň dowmaynda dünýäniň sambo jemgyýetçiliginiň hem-de janköýerleriniň nazary türkmen paýtagtynda ― Aşgabatda bolar. Dünýä çempionatyny ýokary derejede geçirmek üçin häzirden ýurdumyzda güýçli taýýarlyk görülýär.

Aşgabatdaky dünýä çempionatynyň tamamlanmagyndan sekiz gün soňra ― 16-njy noýabrda tutuş Ýer ýüzünde, şol sanda Türkmenistanda hem Bütindünýä sambo güni belleniler.

Ýylyň sambo senenamasy:

  1. 23 ― 25-nji noýabrda mekdep okuwçylarynyň arasyndaky dünýä çempionaty (Sahkadzor, Ermenistan),
  2. 2 ― 3-nji dekabrda kadetleriň arasyndaky dünýä çempionaty (Poreç, Horwatiýa)
  3. 12 ― 13-nji dekabrda Ýewropanyň açyk çempionaty (Madrid, Ispaniýa) bilen jemlener.