Bütindünýä Küşt Federasiýasy (FIDE) şu gurama agza bolan 195 döwletiň küştçi toparlarynyň bütindünýä küşt olimpiýadasyna gatnaşmagy babatda diýseň uly tagalla edýär. Bu barada FIDE-niň prezidenti Arkadi Dworkowiç TASS informasiýa agentliginiň habarçylary bilen duşuşygynda dile getirdi. Şeýle-de ol koronowirus pandemiýasy sebäpli bu olimpiýadanyň onlaýn (online) formatda geçiriljekdigini hem-de 2-3 günden soňra olimpiýada milli toparlaryň ýazylyşygynyň başlajakdygyny aýtdy. FIDE-niň prezidenti  bu uly ýaryşda 195 döwletiň milli toparlarynyň hemmesiniň gatnaşyp-gatnaşmajagyny bilmeýändigini, ýöne Bütindünýä Küşt federasiýasyna agza döwletleriň gatnaşmaklygy üçin özüniň ähli tagallasyny gaýgyrmajakdygyny nygtady.

Taryha ser salamyzda, Bütindünýä Küşt olimpiýadasy ilkinji gezek Beýik Britaniýanyň paýtagty Londonda geçirilipdir. Ýaryş 1950-njy ýyldan bäri her iki ýyldan bir gezek geçirilýär. Bütindünýä Küşt Federasiýasynyň indi geçirjek 43-nji olimpiýadasy Gruziýa döwletiniň Batumy şäherinde bolar