FIFA-nyñ ýerine ýetiriji komitetiniñ býurosy pandemiýa kömek meýilnamasynyň üçünji tapgyryny tassyklady. Bu barada AFK-nyň resmi web sahypasy habar berýär.

The-afc.com-yň habaryna görä, her bir futbol federasiýasy umumy çykdajylar üçin 1 million dollar, diňe zenanlar futboly üçin bolsa goşmaça 500,000 dollar alarlar.

Her konfederasiýa bolsa 2 million dollardan alarlar. Bu pullar 2021-nji ýylyň ýanwar aýyna  çenli doly geçiriler. Mundan başga-da, futbol federasiýalary FIFA-dan göterimsiz karz alyp bilerler. Auditoryň hasabatyna görä karzyň mukdary ýyllyk girdejiniň 35 göteriminden ýokary bolmaly däldir. Bu ýagdaýda karzyň mukdary 500 müňden 5 million dollara çenli üýtgäp biler. FIFA-nyň futbol federasiýalaryna we konfederasiýalaryna bermegi meýilleşdirýän maliýe kömeginiň umumy mukdary 1,5 milliard dollar bolar.