FIFA futbol ýygyndylary boýunça 2019-njy ýyldaky iň soňky sanawyny yglan etdi. Täzelenen sanawda Türkmenistanyň futbol ýygyndysy ozalky ornunda ― 129-njy basgançakda galdy. Milli ýygyndymyza 1107 utuk berildi. Horwatiýaly tälimçi Ante Mişeniň şägirtleri Aziýanyň Futbol konfederasiýasy boýunça 24-nji orny eýeleýär.

Ýyla Aziýa kubogy bilen girişen milli ýygyndymyz ýaryşyň çäginde ýanwar aýynda geçiren üç duşuşygynda Ýaponiýadan 2:3, Özbegistandan 0:4, Omandan 1:3 hasabynda asgyn geldi. Iýun aýynda Abu-Dabi şäherinde Ugandanyň ýygyndysy bilen geçirilen ýoldaşlyk duşuşygynda bolsa ýygyndymyzyň başynda eýýäm horwatiýaly hünärmen bardy. Ante Mişeniň ilkinji duşuşygy 0:0 hasabyndaky deňme-deňlik bilen tamamlandy.

Tamamlanyp barýan ýylda milli ýygyndymyz öňde duran dünýä we Aziýa çempionatynyň saýlama tapgyrynda Şri-Lanka bilen iki (2:0, 2:0), Koreýa Respublikasy (0:2), Liwan (1:2), Koreýa Halk-Demokratik Respublikasy (3:1) bilen bir duşuşyk geçirdi. Şu aralykda Kuweýtiň ýygyndysy bilen geçirilen ýoldaşlyk duşuşygy 1:1 hasabyndaky deňlik bilen tamamlandy.

Milli ýygyndymyz saýlama tapgyryň çäginde 2020-nji ýylda üç duşuşyk geçirer. 26-njy martda Koreýa Respublikasy bilen myhmançylykda oýnaýan futbolçylarymyz 31-nji martda Liwanyň ýygyndysyny Aşgabatda kabul eder. Saýlama tapgyryň jemleýji duşuşygy 9-njy iýunda Phenýanda KHDR-nyň ýygyndysy bilen bolar. Häzir türkmen futbolçylary toparçada birinji orunda.

Täzelenen sanawda saýlama tapgyrdaky garşydaşlarymyzdan Koreýa Respublikasy bir basgançak ýokary galyp, 40-njy orna çykdy. Liwan (89), KHDR (116) we Şri-Lanka bolsa (205) ozalky orunlarynda galdy.

Aslynda, sanawyň ilkinji 50 ornunda diňe Koreýa Respublikasy Paragwaý bilen deň utuga eýe bolup (1461 utuk) 40-njy orna çykdy diýäýmeseň, başga hiç hili üýtgeşme ýok. Biziň yklymymyzdan iň ýokarky basgançaky Ýaponiýa umumy sanawyň 28-nji ornunda.