​Dünýä meşhur «Forbes» neşiri Ýer ýüzüniň iň gymmat sport klublarynyň sanawyny düzdi.

Futbol klublarynyň arasyndan «Realyň», «Barselonanyň» we «Mançester Ýunaýtediň» öňdäki onlukdan orun alandygyny aýtmak gerek. Ilkinji 50-likde bolsa «Bawariýa» (24-nji orun), «Mançester Siti» (34-nji orun), «Çelsi» (37-nji orun) we «Arsenal» (47-nji orun) klublary bar.

Umuman, ilkinji 10-luk şeýle:

  1. “Dallas” (ABŞ,amerikan futboly) – 5,5milliard dollar;
  2. “Ýankis” (ABŞ,beýsbol) – 5milliard;
  3. “Nýu-Ýork” (ABŞ, basketbol) – 4,6milliard;
  4. “Leýkers” (ABŞ, basketbol) – 4,4milliard;
  5. “Golden Steýt Uorriorz” (ABŞ, basketbol) – 4,3milliard;
  6. “Real” (Ispaniýa, futbol) – 4,24milliard;
  7. “Nýu-Inglend” (ABŞ, amerikan futboly) – 4,1milliard;
  8. “Barselona” (Ispaniýa, futbol) – 4,02milliard;
  9. “Nýu-Ýork Jaýentes” (ABŞ, amerikan futboly) – 3,9milliard;

10. “Mançester Ýunaýted” (Angliýa, futbol) – 3,81 milliard.​ ​ ​