2020 Formula 1 Awstriýa Gran Prisiniň ikinji aýagynda Mersedes düýn reýting ýaryşynda, birinjiligi eýelän Hamilton, ýaryşda gaty gowy başlady we ýerini goramak bilen hiç hili kynçylyksyz ýeňiji boldy. Şeýlelik bilen Hamilton bu ýyl ilkinji ýeňşini we karýerasyndaky 85-nji F1 gazanjy boldy.

Ýaryşy 4-nji ýerden başlan “Mersedesiň” ikinji piloty Waltteri Bottas, Maks Werstappenden teker çalşygy soňrasy, Verstappenden 8 sekunt yzda başlan Bottas, soňky bölümde täze tekerler bilen Verstappeni geçip, 2-nji ýeri eýeledi we şeýlelik bilen Mersedes Awstriýada ikinji ýaryşdan goşa netije aldy.

Verstapen köne tekerlere we öň ganatyna zeper ýetendigine garamazdan, münberde 3-nji ýeri eýeledi.

6-njy ýerden ýaryşa başlan Aleksandr Albon birinji tapgyrda 4-nji orna çykandan soň ýaryşyň soňuna çenli ýerini goramagy başardy.

Norris ýaryşyň ikinji ýarymynda iň güýçli, atlaryň biri boldy. MakLaren Toparynyň buýrugy bilen Karlos Sainziň önüne geçiren Norris özünden garaşylýan netijäni berdi, we Lans Stroll, Daniel Rikkardo we Peresden öňe geçip, 5-nji ýeri eýeledi.

Ferrariler bolsa öz aralaryndaky awariýadan soň ýaryşa dowam edip bilmeýärler, Ferraridäki problemalar hasam alawlanyp dowam etýär.

Möwsümiň ikinji ýaryşyndan soň Bottas çempionatda öňdebaryjylygyny dowam etdirdi, Hamilton bolsa 6 oçko yzda 2-nji orna çykdy. Ilkinji ýaryşda münbere çykan, we bu ýaryşda 5-nji bolan, Norris 3-nji ýerde. Toparlaryň çempionatynda “Mersedes” 80 oçko bilen 2-nji ýerde durýan “MakLaren” bilen 41 oçkolyk tapawuda çykdy.

Möwsümiň üçünji ýaryşy bolan Wengriýa GP indiki dynç güni geçiriler.

Seýitmhommet Jumadurdyýew