13-nji iýulda Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň edara binasynyň mejlisler zalynda futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň hem-de Ýokary liga futbol toparlarynyň arasyndaky futbol boýunça Türkmenistanyň birinjilikleriniň  I-II aýlawlarynyň netijelerini jemlemek, şeýle-de, ady agzalan ýaryşlaryň III-IV aýlawlaryny, Türkmenistanyň Kubogyny we “Naýbaşy” kubogyny ýokary derejede guramaçylykly geçirmek barada TFF-niň degişli hünärmenleri bilen futbol klublarynyň wekilleriniň arasynda maslahat geçiriler. Bu barada Türkmenistanyñ futbol federasiýasynyñ resmi web saýty habar berýär.

Onuň dowamynda Türkmenistanyň futbol boýunça Kubogyny almak ugrundaky ýaryşyň bije çekişlik dabarasy hem geçiriler.