Niderlandlaryň Patyşalyk futbol birleşmesi futbolçy gyza erkekleriň toparynda oýnamaga rugsat berdi. Munuň özi dünýäde hem ilkinji şeýle ýagdaýdyr.

«News.sportbox.ru» tarapyndan berilýän habarda hem aýdylyşy ýaly, 19 ýaşly Ellen Fokkema mundan soňra «Foarut» atly höwesjeňleriň toparynda çykyş eder. Bu topar 2020 ― 2021-nji ýyllaryň futbol möwsüminde Niderlandlaryň dördüji ligasyna ýaryşar.

Ýurtda futbol bilen bagly şeýle synaglaryň geçirilmegi ilkinji gezek däl. 1986-njy ýylda 12 ýaşa çenli çagalaryň bir toparyna 18 ýaşlylaryň arasynda ýaryşmaga rugsat berlipdi.​ ​ ​