«Barselonanyň» sekiz futbolçysyny transfere (başga kluba satmaga) çykarmagy ähtimal. Muňa Ispaniýanyň çempionatynyň duruzylmagy we çempionlaryň Ligasynyň oýunlarynyň bes edilmegi zerarly olary satmak arkaly maliýe harajatlarynyň üstüni ýapmak üçin çykalgalaryň biri hökmünde seredilýär. Bu barada Sport.es-iň habaryna salgylanmak bilen Lenta.Ru ýazýar berýär.
Tomusda klub düzümini gaýtadan düzmegi meýilleşdirýär. Takyk güýçlendirmegiň hatyrasyna topar birnäçe futbolçylar bilen hoşlaşmaga taýýar. Neşiriň habar bermegine görä, «Barselona» sekiz oýunçyny satmagyň meselesine sereder.
Şol bir wagtyň özüne kataloniýa klubynyň ýolbaşçylygynyň käbir futbolçylary saklap galjakdygy bellenilýär. 2020-nji ýylyň tomsunda «Barselona» oýunçylary alyş-çalyş etmegi makul biler diýlip çaklanylýar.
Koronawirusyň pandemiýasy bilen baglanyşykly ýewropa ligalarynyň köpüsinde oýunlaryň saklanylandygy sebäpli klublaryň girdejileri azaldy. Mysal üçin, italýan futbolynyň ýolbaşçylygy ýerli klublara oýunçylaryň aýlygyny kemeltmek bilen täze şertnamalary baglaşmaga mümkinçilik bermäge taýýar. Olaryň girdejileriniň 30%-e çenli kesilmegine garaşylýar.