FIFA-nyň Prezidenti Janni Infantino maliýe çökgünliginiň öňüni almak üçin geljekde duşuşyklaryň sanyny azalmaly boljakdygy baradaky pikirini aýtdy.

Infantinonyň:
— Belki, bir ädim yza ädip, biz futboly özgerdip bileris. Uly meselä dogry düşünmek gerek. Geliň, hemmeleşip oýny bolup biläýjek çökgünlikden halas edeliň — diýen sözlerini La Gazzetta dello Sporta salgylanmak bilen AP getirýär.
FIFA-nyň Prezidenti «duşuşyklaryň sanyny azaldyp, has gyzykly formatlary oýlap tapyp» boljakdygy baradaky pikiri öňe sürdi.
Koronawirusyň pandemiýasy zerarly bütin dünýäde diýen ýaly futbol ýaryşlarynyň wagtlaýyn togtadylmazynyň öň ýanynda Infantino, tersine, 2026-njy ýylda geçiriljek çempionata gatnaşjak toparlaryň sanyny 32 bolanlygyndan 48-e ýetirmegi teklip etdi.