Edson Arantes do Nascimento ýa-da, tanalýan ady bilen bilinen Pele 1940-njy ýylyň 23-nji oktýabrynda Braziliýada doguldy. Futbola Bauru Atletik toparynda başlan Pele, 1955-nji ýylda Santos klubyna we 1956-njy ýylda esasy düzümde oýnamana başlady. 1956-njy ýyldan 1974-nji ýyla çenli Santos FK-da oýnan meşhur hüjümçi 638 oýunda jemi 619 gol urmagy başardy. Braziliýa ligasyny 6-gezek eýelemegi başardy, iki saparam ‘‘COPA LİBERTADORES’’ çempiýony boldy. Bu ýerden Nýu-York Kosmos toparyna geçensoň, 1975-1977-nji ýyllar aralygynda 1 gezek Amerika lıgansynyň çempiýony bolyp, 56 oýunda 31 pökgi geçirdi.

1957-nji ýylda ilkinji gezek Braziliýanyň Milli ýygyndysynyň formasyny geýen Pele, 1971-nji ýylda Milli ýygyndydan aýrylýança, jemi 92 oýun oýnady we 77 goluň  eýesi bolan Pele, Braziliýa bilen üç gezek (1958, 1962, 1970) ýyllarda dünýä çempionatynda ýeňiji bolmagy başardy.

Pele dünýä futbol taryhynda iň köp pökgi geçiren oýunçy. Karýerasynyň dowamynda jemi 1281 pökgi geçirip, geçmesi kyn bolan rekordyň eýesidir. Pele tutuş karýerasynyň dowamynda, bir oýunda 5 pökgi 6 gezek geçirdi, bir oýunda 30 gezek 4 pökgi geçirdi we 92 oýunda bolsa, 3 pökgini derwezä urmagy başardy. 1959-njy ýylda dünýäde, 1960, 1964 we 1965-nji ýyllarda Günorta Amerikada ýylyň futbolçysy saýlandy.

Braziliýa ligasynda oýnalan oýunda Pele gyzyl kartoçka alandan soň, janköýerler gozgalaň turuzdylar we emini kyn ýagdaýda galdyrdylar. Pele 15 minutdan soň oýna gaýdyp geldi. Bu ýagdaýda iň täsir galdyryjy zat, oýnuň ahyrynda emine garşy hiç hili jerime ulanylmaýar ýa-da hatda eminiň gadyrynyň bilinmesidir.

Pele FIFA Ballon d’Or Prix d’Honneur baýragynyň eýesi bolmagy başaran ilkinji futbolçydyr.

“Men Pele” atly awtobiografiýasy, iň köp satylan kitaplaryň sanawyna girdi.

Dünýäniň iň uly oýunçysy hökmünde görkezilen Pele, bütin dünýäde futbolçylar üçin mysal alynmaly hökmünde görkezilýär.

Seýitmuhommet Jumadurdýyev