Birleşen Arap Emiratlaryn-da okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirýän futzal boýunça Türkmenistanyň  milli ýygyndysy BAE döwletiniň Dubaý şäheriniň “Al-Nasr” futzal topary bilen özleriniñ ilkinji ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi. Bu barada Türkmenistanyñ futbol federasiýasynyñ resmi saýty habar berýär.

Dubaý şäheriniñ «Raşid Bin Hamdan Hall» sport toplumynda geçirilen duşuşyk 5:3 hasabynda futzal boýunça Türkmenistanyñ milli ýygyndysynyñ peýdasyna tamamlandy. Milli ýygyndymyzyñ geçiren pökgülerini. Komandanyñ kapitany Abdylla Gurbannepesow (11-nji minut), Mülkaman Annagulyýew (12-nji minut) hem-de Öwezbaý Muhammetmyradow (27-nji, 36-njy, 37-nji minutlar) dagy  öz atlaryna ýazdyrdylar.

25-nji ýanwardan – 9-njy fewral aralygynda Birleşen Arap Emiratlaryn-da okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirýän milli ýygyndymyz 29-njy ýanwarda ýene-de bir ýoldaşlyk duşuşygyny geçirer.

Milli ýygyndymyz okuw-türgenleşiginden soñra 2-8-nji fewral aralygyndaTailandyň “Songkla” şäherinde geçiriljek halkara ýaryşyna gatnaşar. Milli ýygyndymyzdan başga bu ýaryşa Eýranyň, Malaýziýanyň, Tailandyň, Täjigistanyň hem-de Kuweýtiň milli ýygyndylary gatnaşarlar.

Geçirilen bije çekişlikde, futzal boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysy “A” toparçada Malaýziýanyň (3-nji fewral) hem-de Tailandyň (4-nji fewral) ýygyndylary bilen duşuşar. “B” toparçada Eýranyň, Täjigistanyň hem-de Kuweýtiň ýygyndy toparlary bäsleşerler. Toparçalaýyn bäsleşigiň netijesinde her toparçada ilkinji iki orny eýelän ýygyndylar ýarym finalda çykyş etmäge mümkinçilik alarlar.

Milli ýygyndymyzyň baş tälimçisi horwatiýaly Robert Grdowiç halkara ýaryşynda milli çempionatymyzda çykyş edýän oýunçylary gözden geçirer.

Belläp geçsek, futzal boýunça 16-njy Aziýa çempionaty 26-njy fewral – 8-nji mart aralygynda aşgabat şäheriniñ Olimpiýa şäherçesiniň sport toplumlarynda geçiriler.