turkmenistan-zenan-yygyndy

Futzalçy gyzlar sebit ýaryşyna gatnaşar.

Aşgabatda geçiriljek futzal boýunça Aziýa çempionatynyň sakasynda futzalçy
gyzlarymyza hem halkara synag garaşýar. Has takygy, Türkmenistanyň futzal
boýunça 19 ýaşa çenli zenanlar ýygyndysy Merkezi Aziýanyň Futbol assosiasiýasy
(CAFA) tarapyndan 24 ― 29-njy ýanwar aralygynda Täjigistanyň Duşenbe
şäherinde geçiriljek sebit çempionatyna gatnaşar.

turkmenistan-zenan-yygyndy

Bu ýerde biziň ildeşlerimiz Täjigistanyň, Eýranyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň
we Owganystanyň 19 ýaşa çenli zenanlar ýygyndylary bilen Merkezi Aziýanyň
çempiony bolmak ugrunda göreşer. Sebit ýaryşynyň duşuşyklary Täjigistanyň
Salgyt gullugynyň Duşenbe şäherindäki sport toplumynda geçiriler.

 

«CAFA ― 2020-de» 15 duşuşyk geçiriler.

Ýagny, ýaryş bir aýlaw görnüşinde bolup, iň köp utuk toplan ýygyndy Merkezi Aziýanyň çempiony bolar. Ildeşlerimiz:

  • 4-nji ýanwarda Özbegistanyň,
  • 25-nji ýanwarda Täjigistanyň,
  • 26-njy ýanwarda Eýranyň,
  • 28-nji ýanwarda Gyrgyzystanyň,
  • ýaryşyň jemleýji gününde 29-njy ýanwarda bolsa Owganystanyň ýygyndysy bilen duşuşar.

CAFA tarapyndan geçiriljek sebit ýaryşy futzalçy gyzlarymyza ajaýyp halkara
tejribesi bolar.