Galkan

Woleýbol boýunça ýokary ligada oýnaýan erkekleriň klublarynyň arasynda Türkmenistanyň milli çempionaty tamamlandy.

Utuklaryň jemi boýunça Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň «Galkan» topary çempion diýen ada mynasyp boldy. Bu topar ikinji ýyl yzygider bu ady eýeläp gelýär. Ikinji orny Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň «Talyp sporty» topary eýeledi. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň «Galkynyş» topary üçünji orna mynasyp boldy.

Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Milli woleýbol federasiýasynyň bilelikde guramagynda geçirilen ýaryşlara Türkmenistanyň edaralarynyň, kärhanalarynyň we ýokary okuw mekdepleriniň toparlary gatnaşdylar. Milli çempionatyň çägindäki duşuşyklar 2019-njy ýylyň oktýabryndan 2020-nji ýylyň martyna çenli dowam etdi. Duşuşyklar 4 tapgyrda geçirilip, olarda 10 topar «çempion» diýen ady almak ugrunda göreşdi. Oýunlaryň 1 tapgyry Türkmenabat şäherinde, galan 3, şol sanda tamamlaýjy tapgyry Aşgabat şäherinde geçirildi.

Toparlaryň düzüminde 170 woleýbolçy oýnady. Olary 33 tälimçi türgenleşdirdi. 14 emin bolsa oýunlara eminlik etdiler. Milli çempionatyň dowamynda 100 töweregi duşuşyk geçirildi.