Mary şäherinde gandbol boýunça 2002-2003-nji ýylda doglan oglanlardan düzülen toparlaryň arasynda Türkmenistanyň birinjiligini almak ugrunda ýaryş geçirildi.

Gandbol boýunça geçirilen yaryşa Aşgabat şäheriniň, Balkan, Daşoguz, Mary, Lebap welaýatlarynyň toparlary gatnaşdylar. Mary welaýatyndan oňa iki topar gatnaşdy.

Duşuşyklar örän çekeleşikli geçdiler we olar sportuň bu görnüşi bilen çynlakaý meşgullanýan nesliň kemala gelendigini görkezdiler.

Toplanan utuklaryň netijesinde Aşgabat şäheriniň topary birinji, Lebap welaýatynyň topary ikinji, Balkan welaýatynyň topary üçünji orunlary eýelediler.