Dünýä çempionatlarynda geçiren 16 goly bilen bu ýaryşyň taryhynda iň köp tapawutlanan oýunçy bolup, öz adyny futbolyň taryhyna ýazdyran germaniýaly Miroslaw Kloze hemişe diýen ýaly adalatly oýnuň tarapdary hökmünde tanalypdy.

Germaniýanyň çempionatynyň oýunlarynyň birinde ol özüni ýykandyklary sebäpli 11 metrlik jerime urgusy bellenende, baş eminden gelen bu çözgüdini goýbolsun etmekligi haýyş edýär.

Ýöne Miroslawyň futbol ýolundaky iň adalatly waka 2012-nji ýylyň sentýabrynda bolup geçýär. Hüjümçi şonda Italiýanyň «Lasio» toparynyň düzüminde oýnaýardy we «Napoliniň» garşysyna geçirilen duşuşykda meýdançanyň burçundan jerime meýdançasyna geçirilen pökgi garma-gürmelikde onuň eline degip, derwezä girýär. Haçan-da, rimli futbolçylar begençlerine biri-birlerini gutlaşyp ugranlarynda, Kloze baş eminiň ýanyna barýar hem-de ondan goly hasap etmezligi soraýar. Onuň haýyşy kanagatlandyrylýaram.

«Lasio» şol duşuşykda 3:0 hasabynda ýeňilýär, ýöne häzirki wagtda futbolçy
hökmündäki çykyşyny bes eden Miroslawyň welin öz adalatly gelen çözgüdi üçin ökünmändigini anyk aýtsa bolar.