«Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň «Ahal» futbol toparynyň Türkiýedäki türgenleşiklerine meşhur futbolçylar Artur Geworkýan bilen Amir Gurbany hem goşuldy. Bu barada toparyň «Instagramdaky» sahypasynda habar berilýär.

Geçen möwsümde daşary ýurtlarda çykyş eden bu futbolçylar täze möwsümde «Ahalyň» AFK-nyň kubogy ugrundaky ýaryşda üstünlikleri üçin göreşer. Şeýle hem Myrat Ýagşyýew, Ilýa Tamurkin, Söhbet Allanurow Maksat Annagulyýew ýaly tejribeli futbolçylar hem täze möwsümde «Ahalyň» üstünlikleri üçin göreşer.

Şu gün Gazagystanyň «Kyzyl-Žar», 28-nji ýanwarda Özbegistanyň «Nawbahor» klublary bilen ýoldaşlyk duşuşyklaryny geçirjek «Ahal» Türkiýede yklym ýaryşynyň saýlama tapgyryna taýýarlyk görýär.