«Turkmenportal» tarapyndan geçirilen söhbetdeşlikde Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň ozalky goragçysy Goçguly Goçgulyýew oýunçy üçin iň agyr zadyň ikinji orunda goýulmakdygyny aýdýar. Karýerasynda beýle betbagtçylyk bilen aňsat-aňsat gabatlaşmadyk futbolçy aýdanlaryny şu sözler bilen delillendirýär:

― Iň kyn zat oýna çykman, ätiýaçlyk oturgyjynda galmakdy. Tälimçiniň başlangyç düzümde görmezligi futbolçy üçin uly betbagtçylyk. Bu babatda men bagtly. Oýnan toparlarymyň ählisinde, Türkmenistanyň futbol ýygyndysynda-da, köplenç, esasy düzümde meýdana çykýardym. Munuň üçin futbolçynyň hemişe taýýar bolmagy, taktiki tabşyryklary gyşarnyksyz berjaý edip bilmegi, esasay zat bolsa, tälimçiniň sözünden çykmazlygy möhümdir. Bu zatlar, näme üçindir, meniň üçin aňsat boldy (ýylgyrýar). Tälimçilerimiň ählisine hoşallyk bildirýärin.