Häzir Özbegistanyň «Kyzylkum» futbol toparyna tälim berýän ildeşimiz Täçmyrat Agamyradow türkmenistanly futbolçylaryň birnäçesi, şol sanda milli ýygyndymyzyň ozalky goragçysy Goçguly Goçgulyýew üçin hem orny aýratyn halypadyr. «Türkmenportalyň» guran söhbetdeşliginde ol futbol ýolunda ýene üstünliklerinde Täçmyrat Agamyradowyň ornunyň uludygyny aýratyn belleýär:

― Täçmyrat Şamakowiçe hoşallygym aýratyndyr. Ol mende tutanýerli, batyrgaý, kellesini gowy işledip bilýän goragçyny gördi. Şeýdibem, «Köpetdaga» çagyrdy. Şol döwürlerde ýurdumyzyň iň güýçli toparyna çagyrylanymda, men heniz 19 ýaşymdadym. Bu meniň üçin garaşylmadyk öwrümdi. Şol wagt «Büzmeýinde» oýnaýardym. Soňra Täçmyrat Şamakowiçiň ýolbaşçylygynda «Köpetdagda», «Irtyşda», «Kaýratda», «Pahtakorda» oýnadym. Milli ýygyndymyza baş tälimçi bolan ýyllarynda hem ol maňa uly ynam bildirdi. Täçmyrat Şamakowiç oýun wagtynda ýerinden gozganmaýar diýen ýaly. Ol ähli görkezmelerini ýa oýundan öň, ýa-da arakesmede bererdi. Bu tälimçi hökmünde onuň esasy aýratynlygy.

Goçguly Goçgulyýew häzir halypasy ýaly, tälimçilik bilen meşgullanýar.