Gökdepe etrabynda «Sportly Türkmenistan – sagdynlygyň ýurdy» ady bilen suwda ýüzmek boýunça bäsleşik geçirildi.

Ýakynda TMÝG-niň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrap Geňeşiniň guramagynda Ahal welaýatynyň ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýan sport mekdep-internatynda Gökdepe etrabynyň ýaşlarynyň gatnaşmaklarynda «Sportly Türkmenistan – sagdynlygyň ýurdy» ady bilen suwda ýüzmek boýunça bäsleşik geçirildi.

Bäsleşikde 100 metr aralyga ýüzmekde 1-nji orta mekdebiniň okuwçysy Omar Amangulyýew tapawutlandy. Köpetdag obasynyň ýaşaýjysy Hommat Hommadow ikinji, etrabyň 17-nji orta mekdebiniň okuwçysy Muhammet Gullyýew üçünji orunlara mynasyp boldular.

Tapawutlanan ýaşlara TMÝG-niň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrap Geňeşiniň Hormat hatlary hem-de ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.