Gumlularyň çägä gömüp, bişirýän datly tagamlarynyň biri-de gömme kädidir. Onuň üçin esasy daş kädi ulanylýar. Ony bişirmek üçin kädiniň sapakly ýerinden gapak ýaly kesmeli, içiniň lötüni, çigidini gyryp aýyrmaly. Ýaş malyň etinden maýdajyk bölekläp, sogan, guýruk ýag bilen garyp, kädä dykmaly. Duzy ýetirilen ýaňky dürüşdäniň içine 4-5 diş sarymsak, 2 çybyk narpyz, diri gyzyl burçuň 2-sini salmaly. Iň üstünden 2-3 sany pomidory deň ikä bölüp basyrmaly.

Soň kädiniň göterişine görä, 1-2 käse suw guýmaly-da, gapagyny ýapmaly. Gapagynyň kesilen ýerini gataňsy hamyr bilen suwamaly. Üstünde ojar ýakylyp, gaýnap duran çägäniň közüni bir ýana syryp, kädini gömmeli.

Gaýnap duran çägäni kädiniň üstüne süreňsoň, közleri-de üýşürmeli. Bir sagatdan gowrak wagtdan kädidäki bug bir ýerden ýol ýasap töwerege hoşboý ys ýaýradyp, işdäňi açýar. Kädini şol durşuna, çägesini kakyp, saçaga almaly. Onuň çigidini gowrup, üstüne şerebeli suw sepip, taňkaly çaýyň ýany bilen nahardan soň alsaň, saglyk üçin uly peýdasy bar.